Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Walls: "Musulman ruhanylar Fransiýada tälim görmeli"


Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls.
Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls.

Jyhatçylaryň yzygiderli hüjümlerinden soň Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls metjitleriň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegini gutarnykly gadagan etmäge taýýardygyny bildirdi.

Ol “Le Monde” gazetine beren beýannamasynda yslam barada täze tagallalaryň durmuşa geçirilmeginiň hökmanydygy barasynda söz açyp, ymamlaryň (şaýy meshebinde “mollalar”) başga ýurtlarda däl-de, Fransiýada ýetişdirilmelidigini nygtaýar.

Polisiýanyň ýalňymy?

Walls, 26-njy iýulda Normandiýadaky bir buthana hüjüm edip, 85 ýaşyndaky ruhanynyň janyna kast eden jenaýatkäriň ondan owal şertli ýagdaýda azatlyga çykarylmagyna hem polisiýanyň ýalňyşy hökmünde baha berýär.

Adel Kermiş - 19 ýaşyndaky jenaýatkär, elektron bilezikli gezmek şerti bilen azatlyga çykarylypdyr. Aslynda ol terrorçylykda aýyplanýandygy üçin kazyýet tarapyndan jogapkärçilige çekilmeli ekeni.

Buthana hüjüm eden 2-nji adamynyň Fransiýanyň Adel-Malik Nabil Petitjean atly 19 ýaşly raýatydygy dessine anyklanypdyr. Ol “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň habar gullugynyň ýaýradan wideoýazgysynda musulmanlary Fransiýany dargatmaga çagyrýar.

Tankydyň nyşanasyna öwrülenler

Premýer-ministr Manuel Walls we içeri işler ministri Bernard Cazeneuve soňky ýarym ýylda Fransiýada gurnalan üç sany uly terrorçylykly hüjümiň öňüni alyp bilmändigi üçin tankytlaryň nyşanasyna öwrüldiler. Geçen ýylyň noýabr we şu ýylyň ýanwar aýlarynda Parižde, iýul aýynda bolsa Nitsada elhenç terrorçylykly hüjümler gurnaldy.

XS
SM
MD
LG