Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rio: Orsýetli boksçylar Olimpiada gatnaşar


Boks boýunça halkara assosiasiýasy (AIBA) orsýetli boksçylaryň Olimpiada gatnaşmagyna rugsat berdi
Boks boýunça halkara assosiasiýasy (AIBA) orsýetli boksçylaryň Olimpiada gatnaşmagyna rugsat berdi

Orsýetiň Riodaky Olimpia oýunlaryna gatnaşmak üçin baran 11 boksçysynyň ählisi doping taýdan arassalygy boýunça synagdan geçdi we ýaryşlara gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldy.

Boks boýunça halkara assosiasiýasy (AIBA) özüniň bu kararyny 4-nji awgustda Olimpia oýunlarynyň açylyş dabarasyna bir gün galanda yglan etdi.

AIBA “orsýetli 11 boksçynyň her biriniň dopinge garşy synaglaryny aýratyn barlandygyny” habar berdi.

“Häzir bu proses jemlendi” diýip assosiasiýa belledi we Orsýetiň boksçylarynyň Rioda ýaryşlara gatnaşyp biljekdigi barada Halkara olimpia komitetiniň gözegçi toparyndan tassyknamalaryň gowuşandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG