Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin prezident diwanynyň başlygyny täzeledi


Prezident Wladimir Putin (Ç) Prezident diwanynyň başlygy Sergeý Iwanow bilen.
Prezident Wladimir Putin (Ç) Prezident diwanynyň başlygy Sergeý Iwanow bilen.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, garaşylmadyk ýerden, prezident diwanynyň hökmürowan başlygy Sergeý Iwanowy täsirliligi babatda has pes wezipä geçirdi.

Kreml 12-nji awgustda Iwanowyň indiden beýläk prezidentiň daşky gurşaw we transport meseleleri boýunça wekili bolup işlejekdigini habar berdi.
Iwanowyň ozalky orunbasary Anton Waino bolsa özüniň öňki başlygynyň ornuna geçip, Kremlde prezident diwanynyň başlygy boldy.

44 ýaşyndaky Anton Waino mundan öň prezidentiň parlamente tabşyrmaly kanun taslamalaryny taýýarlamak, kanun goraýjy guramalara gözegçilik etmek, prezident üçin içerki we daşarky meselelelere analiz bermek işleri bilen meşgullanýardy.

Ol 2012-nji ýylda Kreml adminstrasiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmezinden öň Orsýetiň Ýaponiýadaky ilçihanasynda işläpdi.
Prezident Putin Kremliň bu kararyna düşündiriş berip, Iwanowyň özüniň Kreml admistransiýasynyň başlygy wezipesinden boşadylmagyny haýyş edendigini aýtdy.

63 ýaşyndaky Iwanow bu wezipede dört ýyl sekiz aý işledi.

Rus habar serişdeleriniň maglumatlarynda Iwanowyň Howpsuzlyk geňeşiniň, Orsýetiň iň ýokary howpsuzlyk guramasynyň düzüminde galjakdygy aýdylýar. Bu gurama prezident Putin bilen bilelikde parlamentiň ýolbaşçylary we Orsýetiň howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklary girýär.

Emma mundan öňki çykan habarlarda Sergeý Iwanowyň Howpsuzlyk geňeşinde hem galmajakdygy aýdylypdy.

Ozal KGB-niň, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň ofiseri, Federal howpsuzlyk býurosynda Putiniň orunbasary, goranmak ministri we premýer-ministriň birinji orunbasary bolup işlän Iwanow Wladimir Putiniň iň ýakyn ýaranlarynyň biri hasaplanylýardy.

2008-nji ýylda, Wladimir Putin möhlet çäklendirmeleri sebäpli prezidentlik saýlawyna gatnaşyp bilmedik wagtynda, Iwanow onuň mümkin bolan oruntutary bolar öýdülipdi. Emma muňa garamazdan, Putin şonda öz ýerine prezidentlik bäsleşigine gatnaşdyrmak üçin, Dmitriý Medwedewi saýlap aldy.

Iwanowyň wezipesinden çetleşdirilmegi Orsýetiň geljek aýda, Günbatar döwletleriniň Ukrainadaky krizis sebäpli girizen sanksiýalaryndan we nebit nyrhlarynyň aşak gaçmagyndan soň dörän çökgünlik ýagdaýynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Putin golaýda regional derejedäki ýolbaşçylaryň hem bir toparyny täzeledi we ekspertler bu çäräniň saýlaw döwründe ýurt boýunça Kremle goltgy berilmegini üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp görlendigini aýtdylar.

Orsýetde indiki prezident saýlawlary 2018-nji ýylda bolmaly we Wladimir Putin ýene bir gezek täze möhlete prezident bolmak üçin saýlawa gatnaşar öýdülýär.

XS
SM
MD
LG