Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi aziýalylar we Siriýa/Yrak konflikti


Siriýada tutulandygy aýdylan türkmenistanly
Siriýada tutulandygy aýdylan türkmenistanly

Häzirki hasaplamalara görä, 2015-nji ýylyň ýanwarynda Siriýa/Yrak konfliktindäki daşary ýurtly söweşijileriň sany 20 700-den geçdi, bu 1980-nji ýyllarda owgan-sowet urşunda, musulmanlaryň agdyklyk edýän konflikt zonasynda Ikinji Jahan urşundan bäri mobilizlenen iň kän söweşijidir diýip, Registan.net websaýtynyň redaktory Noah Taker merkezi aziýalylaryň Siriýa/Yrak konfliktine goşulyşy barada USAID üçin taýýarlan täze hasabatynda ýazýar.

Bu konflikt köp sanly daşary ýurt toparyny, şol sanda sünni we şaýy ekstremist toparlaryny hem özüne çekdi.

Noah Takeriň pikirine görä, bu konflikt we onuň özara duşmançylykly toparlarynyň arasynda barýan darkaşlaryň jikme-jiklikleri uzakdan synlaýan merkezi aziýalylar üçin o diýen düşnükli däl. Ýöne muňa garamazdan, bu konflikt oňa goşulmaga gyzyklanma bildirenlere nähilem bolsa bir ömür matlabyny teklip edýärdi we köplenç kyn ýagdaýda galan migrant işçiler nöker toplaýjylaryň esasy nyşanasyna öwrüldi.

Netijede, bu fraksiýalaryň we olaryň tutýan maksatlarynyň ikisine-de goşulýan merkezi aziýalylar barha köpelmek bilen boldy.

Noah Taker konflikte çekilen merkezi aziýalylaryň anyk sanynyň, regional howpsuzlyk gulluklarynyň we olaryň gol ýapýan kommentatorlarynyň sebite abanýan howpy has ulaldyp görkezmek meýilleri bilen baglylykda, dürli-dürli görkezilýändigini belleýär.

Emma ol, anyk hasaplamalaryň töweregindäki nämälimliklere garamazdan, merkezi aziýalylaryň bu konfliktde görnetin rol oýnaýandygyny, hatda bu koflikte daşary ýurtlardan nöker toplamagyň Owganystan/Pakistan konfliktiniň iň gyzan döwründäkiden hem aňry geçendigini nygtaýar.

Hasabatyň awtory Siriýa gelen söweşijileriň, görnüşinden, Siriýa konfliktiniň bir-birine gapma-garşy iki liniýasynyň arasynda bölünýändigini belleýär.

Birinji topar «Aleppo özbekleri» bolup, bu etniki özbekler tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän birnäçe kiçi brigadany özünde jemleýär.

Olar "Jabhat al Nusra" bilen ýaran ýa-da onuň bir bölegi bolup, demirgazyk Siriýanyň Aleppodaky oppozisiýa mesgeninde we onuň töwereginde ýerleşýärler.

Merkezi Aziýalylaryň ikinji topary «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň hatarynda söweşýänler bolup, Siriýanyň ar-Rakka, Yragyň Mosul şäherlerinde ýerleşýärler.

Şeýle-de awtor merkezi aziýalylaryň Siriýa konfliktine çekilmeginiň iň esasy we ýeke-täk faktorynyň migrasiýa, hususan-da ykdysady migrasiýa bolup durýandygyny belleýär.

Noah Takeriň pikirine görä, Merkezi Aziýada «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň ýokary galmagy babatdaky jemgyýetçilik reaksiýasy metbugatda peýda bolýan dildüwşük teoriýalary, YD musulmanlaryň agdyklyk edýän ýurtlaryndaky ösüşi bökdemek üçin döredilen amerikan «gurjagy» diýen ýaly çaklama pikirlerbilen utgaşýar.

«Merkezi Aziýa hökümetleri köplenç bu dildüwşük teoriýalaryny düzetmän, olaryň üstüne nebit sepmegi saýlap alýarlar» diýip, awtor belleýär. Onuň çykarýan netijesine görä, migrasiýa sebäp bolýan ykdysady we sosial problemalar, ilkinji nobatda, Birleşen Ştatlaryň günäsi diýen pikiri wagyz etmek bilen, olar isleseň-islemeseň, YD toparynyň goldawçylarynyň nöker toplamak maksatlaryna hyzmat edýärler.

Noah Taker registan.netde çap edilen 54 makalanyň awtory we Jorj Waşington Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça Elliot mekdebiniň Merkezi Aziýa programmasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

XS
SM
MD
LG