Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mejlise deputatlar saýlanýar


ÝHHG-nyň PA delegasiýasy türkmen parlamentiniň agzalary bilen. Aşgabat, 14-nji dekabr, 2013.
ÝHHG-nyň PA delegasiýasy türkmen parlamentiniň agzalary bilen. Aşgabat, 14-nji dekabr, 2013.

Şu gün Türkmenistanda çykyp giden deputatlaryň ýerine mejlise deputatlar saýlanýar we döwlet baştutany ilkinjileriň hatarynda saýlaw uçastogyna geldi diýip, TDH habar berýär.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanda parlamente täze 7 deputat, halk maslahatynyň agzalygyna 34, geňeşleriň agzalygyna bolsa 122 adam saýlanmaly.

Ýurtda ir sagat 7-de, 163 saýlaw okrugy boýunça 359 saýlaw uçastogynyň gapysynyň açylandygy habar berilýär.

Saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky merkezi komissiýanyň maglumatyna görä, ir sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 50 prosentden gowragy ses berdi.

XS
SM
MD
LG