Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Amerikan uniwersitetine hüjüm edildi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.

Owganystandaky Amerikan uniwersitetiniň okuw jaýyna azyndan bir ýaragly adam hüjüm etdi. Resmiler okuw jaýynda partlamanyň hem-de ok atyşygyň bolandygyny we azyndan 14 adamyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri Kabulyň golaýyndaky territoriýada ýerleşýän bu sebitiň daş-töweregini gabawa aldylar. Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili şol howpsuzlyk güýçleriniň "terroristleri tapmaga synanyşýandygyny" aýtdy.

Metbugat wekili Sedik Sedikiniň aýtmagyna görä, henize çenli hüjümçileriň sanawy barada anyk maglumat ýok.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady. Bu hüjüm "Talyban" hereketiniň söweşijileri özleriniň merkezi hökümete garşy hüjümlerini güýçlendiren wagtyna gabat geldi.

Uniwersitetiň okuw jaýyna edilen hüjüm başlan mahaly, ikinji gatdaky synplaryň birinde bolan Roman Dehsabzwal Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda hüjümçiniň özüni partladandygyna we munuň yzýany beýlekileriň binanyň içine girip başlandygyna ynanýandygyny aýtdy.

"Ilkibada güýçli ses boldy, ondan soň penjireler döwüldi, soňrada ok atyşyk başlandy. Meniň dostlarymyň birine şikes ýetdi" diýip, Dehsabzwal aýdýar. Ol özüniň we başga-da iki dostunyň ikinji gatyň penjiresinden böküp, wakanyň bolan ýerinden gaçandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Kabulda Italiýa tarapyndan dolandyrylýan keselhananyň resmileri başlangyçda saglyk merkezine ýaralanan bäş adamyň getirilendigini aýtdylar.

Dehsabzwalyň çaklamalaryna görä, okuw jaýynyň içinde başga-da 300 student bar.

2006-njy ýylda açylan uniwersitetde 1700-den gowrak student okaýar. Olaryň aglabasy gündizine işleýandigi sebäpli, agşamky sapaklara gatnaşýar.

Owgan paýtagtyndaky Amerikan uniwersitetiniň okuw jaýyna edilen hüjüm, mundan iki hepde ozal uniwersitetiň biri awstraliýaly, beýlekisi amerikaly iki mugallymynyň nämälim ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylmagynyň yzýanyna gabat geldi. Olaryň nirededigi barada henize çenli hiç hili maglumat ýok.

Bu ýowuzlyk "Talyban" hereketiniň tutuş ýurtda öz hüjümlerini artdyran mahalyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri tarapyndan goldanylýan owgan güýçleri Helmand welaýatynyň Laşkar Gah etrabynda söweşijilere garşy uruşlaryny dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG