Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Kerimow “ähli medisina barlaglaryndan” geçirilmeli


Prezident Yslam Kerimow

Prezident Yslam Kerimow

Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy awgustda aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletindäki saglygy saklaýyş spesialistleri prezident Yslam Kerimowyň “ähli medisina barlaglarynyň” Daşkentdäki keselhanada geçirilmegini isleýärler.

Ministrler Kabinetiniň bu beýanaty, özbek hökümeti 78 ýaşyndaky Kerimowyň “medisina bejergisini almagy üçin” hassahana ýerleşdirilendigini we “medisina barlagynyň we bejergisiniň birneme wagt aljakdygyny” habar berenden bir gün soň ýaýradyldy.

Emma özbek Ministrler Kabineti Kerimowyň saglyk ýagdaýy we onuň nähili keselden näsaglandygy barada maglumat bermedi.

Öňki sowet respublikasyny 25 ýyldan gowrak wagt bäri dolandyrýan prezident Kerimowyň saglyk problemalarynyň bardygy bilinýär.

Ýöne özbek hökümeti mundan ozal hiç haçan Kerimowyň saglyk ýagdaýy barada beýanat ýaýratmandy.

Prezident soňky gezek döwlet telewideniýesinde 17-nji awgutda, Günorta Koreýanyň içeri işler ministrini kabul edende göründi.

Ol Daşkentde 1-nji sentýabrda, Özbegistnyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynda jemgyýetçilige çykmalydy.

XS
SM
MD
LG