Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel: Türkmenistan diplomatlaryň türmelere baryp görmegini geňeşer


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), Berlin, 29-njy awgust, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), Berlin, 29-njy awgust, 2016.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkmenistan daşary ýurt diplomatlarynyň türkmen türmelerine baryp görmegine rugsat bermek ähtimallygyny geňeşmegi kabul etdi diýdi.

Bu barada Merkel 29-njy awgustda Berlinde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda şeýle diýdi: “Biz daşary ýurt diplomatlarynyň Türkmenistandaky türmelere baryp görmegine rugsat berilse gowy boljakdygy barada geňeşdik. Prezident [Berdimuhamedow] bu [mesele] barada häzir [nemes we türkmen] daşary işler ministrleriniň maslahat etjekdigini wada berdi. Soňra halkara diplomatlary türmelere aýlanyp, ol ýerdäki ýagdaýlara syn edip bilerler”.

Berdimuhamedow Merkel bilen geçiren gepleşiklerinden soň, ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy we daşary ýurt diplomatlarynyň türkmen türmelerine baryp görmek ähtimallygy barada berlen soraga şeýle jogap berdi: “Türkmenistanda adam hukuklary barada aýdylanda, onda milli, ýagny garaşsyz ösüşde, elbetde möhüm ýeri milli demokratik ýörelgelere eýerýär, olar şu gün kanunçylyk ulgamynda täze reformalaryň we özgerişlikleriň direlgesi bolup durýar. Biziň kanunlarymyz hut syýasy, ykdysady we, men şeýle diýerdim, sosial, ekologik we adama mynasyp durmuş derejesini üpjün edýän beýleki köp hukuklara kepil geçilmegine niýetlenen”.

“Siz maňa aýdyň, dünýäniň haýsy ýerinde...”

Şeýle-de, ol: “Siz maňa aýdyň, dünýäniň haýsy ýerinde, haýsy ýurtda şu günki gün her bir raýat üçin elektrik togunyň, suwuň we üssesine kommunal hyzmatlaryň mugtdugyny gördüňiz?” diýdi.

Nemes resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, duşenbe güni Berdimuhamedow Germaniýanyň döwlet sekretary Uwe Bekmaýer bilen hem duşuşdy.

Germaniýanyň Ykdysady meseleler we energiýa ministrliginde geçirilen duşuşykda Bekmaýer Türkmenistandaky adam hukuklaryna degişli meseleler barada gürrüň gozgady diýip, Germaniýanyň resmisi aýtdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Human Rights Watch guramasy Berlini türkmen prezidentine ýurtda hökümetiň syýasy garşydaşlaryny gizlin tussag etmek praktikasyndan el çekmegi, Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň azatlyga goýberilmegi we raýatlaryň ýurtdan erkin çykmagynyň eden-etdilikli öňüni almagy bes etmegi üçin basyş görkezmäge çagyrdy.

S.Nepesgulyýewiň ykbaly

25-nji awgustda ýaýradylan beýanatda şeýle diýilýär: “Dünýä derejesindäki lider Merkel üçin Türkmenistanda öz hökümeti bilen düşünişip bilmeýän adamlaryň arkasyny almak üçin, bu bir seýrek duş gelýän mümkinçilik. Merkel Türkmenistanda repressiýanyň soňuna çykmagyň zerurdygy barada göni we netijeli gepleşikleri geçirmek üçin, bu mümkinçiligi sypdyrmaly däldir”.

Şeýle-de beýanatda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna üns çekilip, onuň ikuçly, yrga aýyplamalar esasynda sud edilendigi we türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdyldy.

Merkel we Berdimuhamedow iň soňky gezek 2008-nji ýylda Berlinde duşuşypdylar.

Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň uly söwda hyzmatdaşydyr. Bu iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi 2014-nji ýylda 466 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Germaniýa Türkmenistana maşyn we beýleki industrial önümleri eksport edýär. Şeýle-de, Türkmenistan Germaniýanyň, Gazagystandan we Özbegistandan soň, regiondaky üçünji uly söwda hyzmatdaşydyr.

XS
SM
MD
LG