Sepleriň elýeterliligi

ABŞ tarapyndan gözlenilýän orsýetli raýat Ermenistany terk etdi


Türme germewleri. (Arhiwden alnan surat)

Türme germewleri. (Arhiwden alnan surat)

Birleşen Ştatlar tarapyndan hapa pullary ýuwmakda we bikanun ýarag satmakda gözlenilýän orsýetli adam Ýerewanda gysga wagtlaýyn tussag edilenden soň, Ermenistany terk etdi.

Sergeý Mironowyň aklawçysynyň 31-nji awgustda beren maglumatyna görä, Mironow Moskwa uçmak üçin Ýerewany terk edipdir.

Mironow Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň haýyşy esasynda 26-njy awgustda Ýerewanyň Zwartnost halkara aeroportunda tussag edilipdi.

29-njy awgustda Ýerewanyň sudy ermeni prokurorlaryň Mironowyň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmek ähtimallygy dogrusyndaky proseduralary yzarlamagy üçin tussaghanada galmalydygy barada eden haýyşnamasyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG