Sepleriň elýeterliligi

Gabra çenli hökümdarlyk. Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň hem KHDR-iň liderleriniň ölüminden soň näme boldy?


KHDR-niň ilaty Kim Çen Ir üçin aglaşýarlar. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry

KHDR-niň ilaty Kim Çen Ir üçin aglaşýarlar. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry

Özbegistanyň hemişelik lideri Yslam Kerimow insulty başdan geçirdi. Eger ol prezidentlik borjuny ýerine ýetirip bilmese, ornuny kim eýelär diýip, bilermenler maslahat edýärler.

Häzirki wagtda beýleki awtoritar döwletlerde hökümdarlar ölensoň häkimiýet ugrunda kimiň nähili göreş alyp barandygyny ýada salýarlar.

Haýdar Alyýew, Azerbaýjan

Haýdar we Ylham Alyeýwler

Haýdar we Ylham Alyeýwler

​​Haýdar Alyýew 1993-nji ýylda Azerbaýjanyň prezidenti bolupdy hem 10 ýyllap öz ornunda oturdy. H. Alyýew 3-nji möhlete, 2003-nji ýylda boljak saýlawlara gatnaşmagy maksat edindi, ýöne saglyk ýagdaýy ýol bermedi. Ol Türkiýä özüni bejertmäge gitdi, soňra ABŞ-a uçdy. Şol ýerde hem 12-nji dekbarda ýogaldy.

Haýdar Alyýewi Azerbaýjanda awtoritar düzgüni ýola goýanlykda aýyplaýarlar. Häzir bu ýurt korrupsiýanyň derejesi boýunça (Transparency International ölçegine görä) dünýäde 119-njy orny eýeleýär. 2002-nji ýylda Azerbaýjanyň konstitusiýasyny ýütgetmek barada referendum geçirilip, prezident ölen ýagdaýynda ýurduň premýer-ministri döwlete prezidentlik edip biler diýen düzediş girizildi.

2003-nji ýylyň awgustynda Haýdar Alyýewiň ogly Ylham Alyýew premýer-ministr boldy.

2003-nji ýylyň oktýabrynda, nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna iki hepde galanda, Azerbaýjanyň döwlet telewideniýesinde Alyýewiň halka ýüzlenmesini okadylar. Ol oglunyň haýryna saýlawlardan öz kandidaturasyny aýyrýandygyny mälim etdi.

Şonda Human Rights Watch guramasy saýlawlar kiçi Alyýewiň haýryna galplaşdyryldy; ýerli häkimiýetler onuň tarapynda boldular, oppozisiýanyň demonstrasiýalaryny gadagan etdiler hem tamakinleriň sanyny azaltmaga çalyşdylar diýip ýazdy. Polosiýa ýüzlerçe oppozisionerleri tussg edipdi ýa-da urup-ýenjipdi diýip, Human Rights Watch guramasy ýazdy.

Şondan soňra-da Ylham Alyýew iki gezek yzly-yzyna saýlandy we häzirem Azerbaýjana ýolbaşçylyk edýär.

Saparmyrat Nyýazow, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti. Ortada prezident Saparmyrat Nyýazow, 1994-nji ýylyň 1-nji ýanwary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti. Ortada prezident Saparmyrat Nyýazow, 1994-nji ýylyň 1-nji ýanwary

Saparmyrat Nyýazow sowet Türkmenistanyna 1985-nji ýylda ýolbaşçy bellendi. 1990-njy ýylda prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Resmi maglumatda ol saýlawlarda 98,3% ses alypdy. 1992-nji ýylda garaşsyz Türkmenistan öz konstitusiýasyny kabul etdi we saýlawlarda 99,5% ses aldy.

1994-nji ýylda bolan referendumda Nyýazowyň prezidentlik möhleti saýlaw geçirmezden, 2002-nji ýyla çenli uzaldyldy. Ýöne 1999-njy ýylda ýurduň Mejlisi Türkmenbaşy diýip at alan Nyýazowyň ömürlik prezident bolmagy üçin ses berdi.

Nyýazowyň ýeke-täk ogly 2006-njy ýyla çenli ýurduň hiç bir syýasy durmuşyna gatnaşmady. Şondan soň ol ilkinji hem iň soňky gezek Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri bilen Türkmenistanyň adyndan gepleşik geçirdi.

Nyýazow ogluny, belki-de, häkimiýeti kabul etmäge taýýarlandyr diýip, käbir bilermenler aýdýarlar. Ýöne 2006-njy ýylda garaşylmadyk ýagdaýda Nyýazow ýogalanda, onuň ogly prezidentlik saýlawlaryna adyny hem görkezip bilmedi.

Türkmenistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, Nyýazowyň ölüminden soň, ýurdy Mejlisiň başlygy dolandyrmalydy. Ýöne onuň garşysyna wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandy diýip, jenaýat işini gozgadylar.

Ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow boldy. Ol Ministrler Kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasary hem öňki Saglygy saklaýyş ministridi. Öldi habary ýaýrandan soňra, ol Nyýazowy jaýlamak işine ýolbaşçylyk etdi.

Soňra Berimuhamedow 2007-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda 89,23%; 2012-nji ýylyň saýlawlarynda hem 97,14% ses aldy.

Nyýazowyň ýolbaşçylygynda bu ýurt dünýäniň iň bir repressiw döwletine öwrüldi.

Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen reforma geçirilip, aýratyn-da, öňkiniň şahsyýet kultunyň peselmegine täsir etdi. Human Rights Watch guramasy Berdimuhamedowyň ýurtda çäkisiz hökümdarlyga eýedigini, onuň syýastyň ähli ugurlaryna hem jemgyýetçilik durmuşyna kontrollyk edýändigini aýtdy.

Kimleriň nesli. Demirgazyk Koreýa

Phenýanda Kim Ir Seniň we Kim Çen Iriň portretleri 2016-njy ýylyň 6-njy maýy

Phenýanda Kim Ir Seniň we Kim Çen Iriň portretleri 2016-njy ýylyň 6-njy maýy

​Kim Ir Sen 1945-nji ýylda Dermirgazyk Koreýa bölünen wagtyndan, oňa ýolbaşçylyk edip başlady. Onuň wezipesiniň atlandyrylyşy birnäçe gezek üýtgäp; Demirgazyk Koreýanyň Ýokary Halk Komitetiniň Başlygy, Koreýanyň Zähmet partiýasynyň MK-nyň Baş sekretary, Ministrler Kabinetiniň başlygy hem prezident diýlip atlandyryldy.

Kim Ir Sen hem onuň egindeşleri owal başdan hökümeti ýurtda bir adamyň şahsyýetini beýgeldýän totalitar düzgüni ýola goýdy.

1980-nji ýylda partiýanyň 6-njy gurultaýynda Kim Ir Sen ogly Kim Çen Iri mirasdar diýip yglan etdi. Ol KHDR-de dürli wezipeleri eýeläp gelipdi. 1991-nji ýylda bolsa kakasyndan ýurduň Koreýa Halk Armiýasynyň baş serkerdelik wezipesini aldy.

1994-nji ýylyň 8-nji iýulynda Kim Ir Sen ýürek agrysyndan ýogalanda, onuň ornuna resmi ýagdaýda Kim Çen Ir bellendi. Kim Çen Ir öz kakasy ýaly ýurtda ýolbaşçyny aşa sylamak hem hormatlamak syýasatyny ýöretdi. 1998-nji ýylda ony KHDR-niň baky prezidenti diýip yglan etdiler. Kim Çen Ir uly ogly Kim Çon Namy öz ornuna taýýarlana meňzeýär. Ýöne ol 2001-nji ýylda Ýaponiýada galp pasport bilen serhedi kesjek bolanda saklandy. Şondan soň kakasy öz pikirini üýtgetdi.

2009-njy ýylda (käbir maglumata görä 2007) Kim Çen Ir partiýanyň ýolbaşçylygyny ikinji ogly Kim Çen Yna berýändigini mälim etdi. Hut şol hem 2011-nji ýylyň 17-nji dekabryda kakasy ýogalanda, KHDR-niň ýolbaşçysy bolsy.

Kim Çen Iriň ölümi iki gün soň aýdyldy hem ýurtda üç ýyllyk ýas yglan edildi.

Kimleriň nesli höküm süren wagtynda, KHDR-niň ilatyň iň esasy hukuklaryny ýowuzlyk bilen çäklendirdi diýip, hukuk goraýjylar aýdýarlar. 2014-nji ýylda BMG häzirki dünýäde adam hukuklaryny bozmakda KHDR-niň taýy ýok diýen karara geldi

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG