Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Erdogana Siriýa bilen serhedi berkitmeli diýdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen Hytaýda duşuşdy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen Hytaýda duşuşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Türkiýäniň Siriýa bilen serhedini berkitmek işiniň soňlanmagynyň örän möhümdigini aýtdy.

Iki lider 4-nji sentýabrda, 20-ler toparynyň Hytaýda geçýän ykdysady sammitiniň gapdalyndan duşuşdy.

Obama türk serhediniň berkidilmeginiň möhümdigini, sebäbi bu ýerde Siriýadaky «Yslam döwleti» ekstremist toparyna geljekki nökerleriň toplanylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Obama Türkiýäniň Siriýadan gaçýan bosgunlar meselesini çözmek ýüküni ýeke çekmeli däldigini belledi.

Obama Erdogan bilen Türkiýede tomusda bolan agdarylyşyk synanşygyndan bäri ilkinji gezek duşuşýar.

ABŞ-nyň prezidenti bu agdarylyşyk synanyşygyny ýazgardy we döwlet agdarylyşygy synanyşygyna dahylly adamlary jogapkärçilige çekmäge kömekleşmekde Türkiýe bilen işleşjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG