Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet, Hytaý bilelikde harby maşk geçirýärler


Hytaýyň gämileri, Günorta Hytaý deňzi, 2016.

Hytaýyň gämileri, Günorta Hytaý deňzi, 2016.

Orsýet we Hytaý Pekiniň goňşulary bilen dawa merkezine öwrülen Günorta Hytaý deňzinde bilelikdäki harby maşklaryny geçirýärler.

12-nji sentýabrda başlanýan we sekiz günläp dowam etjek harby maşklarda deňizdäki adalary “basyp almak we eýelemek” boýunça hereketleri görkezerler, diýip Hytaýyň deňiz güýçleriniň metbugat wekili Liang Ýang aýtdy.

Harby türgenleşiklere gämiler, suwasty gämiler we deňiz güýçlerine girýän goşunlar gatnaşýarlar.

Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň regiondaky maksatlaryna şübheli garaýan Moskwa we Pekin soňky ýyllarda bilelikdäki harby türgenleşiklerini artdyrdylar.

Günorta Hytaý deňzindäki dartgynlylyk Hytaýyň tutuş deňze dalaş edip, harby infrastrukturaly emeli adalary döredip başlamagyndan soň hasam dartgynlaşdy.

XS
SM
MD
LG