Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Belarusa saýlaw reformasy zerur


Parlament saýlawlary, Belarus, 11-nji sentýabr, 2016.
Parlament saýlawlary, Belarus, 11-nji sentýabr, 2016.

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Belarusda 11-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň “düýpli saýlaw reformasynyň” zerurlygyny görkezendigini aýtdy.

Bu saýlawlarda soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek iki sany oppozisiýa wekili ýeňiş gazanypdy.

Muňa garamazdan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Belarusdaky saýlawlara gözegçilik eden gysga möhletli missiýasynyň başlygy Kent Harstedt saýlawlaryň “hiç bir tarapdan azat we açyk bolmandygyny” AÝ/AR-na aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň metbugat-wekili Maýa Kosiýançiç 12-nji sentýabrda eden çykyşynda saýlawlar “halkara partnýorlary bilen hyzmatdaşlygyň we has giňişleýin demokratik prosesleriň çäginde düýpli saýlaw reformasynyň zerurlygyny görkezdi” diýdi.

Belarusyň parlamentinde prezident Alaksandr Lukaşenkanyň tarapdary agdyklyk edýär.

Belarusda 1991-njy ýyllardan bäri geçirilýän saýlawlaryň hiç birine açyk we adalatly diýlip baha berilmändi.

XS
SM
MD
LG