Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telia Özbegistandaky işiniň derňewi üçin 1.4 milliard dollar tölär


Telia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marie Ehrling
Telia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marie Ehrling

Skandinawiýaly telekommunikasiýa kompaniýasy Telia özüniň 2007-nji ýylda Özbegistanda alyp baran işleriniň Birleşen Ştatlar we Gollandiýa tarapyndan derňelmegi üçin 1.4 milliard dollar tölejegini aýtdy.

ABŞ-nyň we Şwesiýanyň prokurorlary kompaniýanyň Özbegistanda işlemek üçin lisenziýanyň berilmegini güwä geçmek üçin ýurduň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara ýüzlerçe million dollar möçberde para töländigini aýdýar.

“Men Telia kompaniýasynyň Özbegistana ýalňyş we bikanun ýoldan barandygyny we biziň doly jogapkärçilik çekmäge taýýardygymyzy geçmişde birnäçe gezek aýdypdym” diýip, Telianyň başlygy Marie Ehrling 15-nji sentýabrda aýtdy.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň kompaniýasy Ýewraziýanyň ýedi ýurdundan çekilmegi planlaşdyrýar. Agzalan ýurtlaryň arasynda Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gürjüstan, Moldowa we Täjigistan bar.

Mundan öň Telia kompaniýanyň öz içerki düzgünlerini bozandygynyň emma hiç bir kanuny depelemändiginiň içerki derňewler arkaly anyklanandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG