Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenhowaýollary" rus howa transporty gullugyna bergisini berdi


"Türkmenhowaýollarynyň" Boeing-575 uçary

"Türkmenhowaýollarynyň" Boeing-575 uçary

«Türkmenhowaýollary» Orsýetiň Federal howa transporty gullugyna bergisini berdi diýip, «Rosawiasiýanyň» ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Rus kompaniýasy şu hepdäniň başynda Orsýetiň howa giňişliginiň «Türkmenhowaýollary» kompaniýasynyň uçar gatnawlaryny 19-njy sentýabrdan gadagan etjekdigini, sebäbi türkmen tarapynyň howa hereketiniň ugrukdyryş hyzmatlary üçin tölemeli 220 müň dollar bergisini bermeýändigini aýdypdy.

«Türkmenhowaýollary» kompaniýasy rus howa giňişligi arkaly Aşgabatdan Moskwa, Sankt Peterburga, şeýle-de Minskä, Birmiňgeme we Londona tranzit uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG