Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýork: Bombada gümanlanýana aýyp bildirildi


Ahmad Han Rahami

Ahmad Han Rahami

Federal prokurorlar 28 ýaşyndaky owgan-amerikany şu hepde Manhattanda bolan partlama sebäpli köpçülikleýin gyrgyn ýaragyny ulanmakda we beýleki aýyplamalarda aýyplady.

20-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda we Nýu-Jerside çap edilen jenaýat şikaýatlarynda Ahmad Han Rahami iki ştatda bir topar bomba goýmakda aýyplandy.

Ol 19-njy sentýabrda, Nýu-Jersi şäherinde polisiýa bilen atyşykda ýaraly bolanyndan soň tussag edildi we hassahanada saklanylýar.

Ol mundan öň atyşykda iki ofiseri ýaralamak baradaky döwlet aýyplamasynda aýyplanypdy.

Derňewçiler Rahaminiň Çelsi mähellesinde iki bomba goýandygyny aýdýarlar. Olaryň biri partlanda 31 adamy ýaralady, beýlekisi partlamady. Başga bir bomba bolsa, şol gün irden Nýu-Jersiniň deňizýaka parkynda zyýansyz partlady.

Şeýle-de ol Nýu-Jersiniň başga bir şäherçesinde,otly stansiýasynda ýene bir bölek partlaýjyny zir-zibil atylýan ýerde goýmakda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG