Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan "Talybanynyň" üç lideri öldürildi


 Azam Tarik

Azam Tarik

Owgan we NATO güýçleriniň bilelikde uran howa zarbalary netijesinde, Owganystanyň Paktika welaýatynyň Laman sebitinde pakistan «Talybanynyň» üç lideri öldürildi.

Azatlygyň Pakistan gullugynyň, Maşal radiosynyň çeşmeleri 25-nji sentýabrda Azam Tarik diýip bilinýän Rais Hanyň, Pakistanyň «Tehrike Talyban» hereketiniň Han Seýd toparynyň sözçüsiniň bir gün öň, giçlik urlan howa zarbasynda öldürilendigini aýtdylar.

Han Seýdiň ýanyndaky uly resmi Maşal radiosyna Tarigiň ölendigini tassyk etdi.

Çeşmeler bu hüjümde Tarigiň oglunyň we Demirgazyk Waziristanyň «Talyban» liderleriniň iki sanysynyň öldürilendigini aýtdylar, emma olaryň atlaryny bermediler.

Owgan häkimiýetleri diňe bu howa zarbalarynyň urlandygyny we azyndan 10 sany jeňçiniň öldürilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG