Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek ymamlary raýatlary pagta ýygymyna gatnaşmaga çagyrýar


Pagta ýygýan özbegistanlylar.
Pagta ýygýan özbegistanlylar.

Özbegistanyň metjitlerinde käbir musulman ruhanylar ýurduň pagta ýygym kampaniýasyna gatnaşmagy “özbek musulmanlarynyň hökmany borjy” diýip atlandyrdylar.

23-nji sentýabrda juma namazynda okalan hutbada, ýagny wagyz-nesihatda ymamlar musulmanlara “pagta hasylynyň örän gowy bolmagyny” dilemäge we olary pagta ýygymyna gatnaşmaga çagyrdylar. Ymamlar munuň olaryň “wyjab-amalydygyny” ýa-da dini borjudygyny aýtdylar.

Daşkentiň “Hazrati Ali” metjidiniň ruhanysy Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ymamlara döwlet kontrollygyndaky Musulmanlaryň ruhy direktoratyndan ýörite görkezmäniň gelip gowşandygyny we onda musulmanlara pagtanyň halk üçin “ähmiýetini” we “ýurduň gerek bolan hajatlary üçin goşant goşmagyň zerurlygyny düşündirmegiň” soralýandygyny aýtdy.

Özbegistan indi ençeme ýyl bäri öz raýatlaryny, şol sanda çagalary pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrmakda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG