Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Babi Ýar: Ukraina Ikinji Jahan Urşunyň pidalaryny ýatlaýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Babi Ýar gyrgynçylygynyň matam çäresinde çykyş edýär, Kiýew, 29-njy sentýabr, 2016
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Babi Ýar gyrgynçylygynyň matam çäresinde çykyş edýär, Kiýew, 29-njy sentýabr, 2016

Ukraina Ikinji Jahan Urşunyň dowamynda nasistler tarapyndan basylyp alnan Kiýewiň eteginde ýewreýlerden 33771 adamyň gyrgyna berilmeginiň 75-nji ýyl dönminde matam çäresini geçirýär.

1941-nji ýylyň 29-njy we 30-njy sentýabrynda Babi Ýar atly ýerde ýewreý erkek adamlaryň, aýallaryň we çagalaryň öldürilmegi nasistleriň ýewreýleri ýok etmek üçin giň derejede ulanan köpçülikleýin gyrgynçylyk çäreleriniň irki mysaly bolupdy.

Bu ýerde urşuň dowamynda 100 müň çemesi adam öldürildi.

“Jezalandyryjy toparlaryň öldürenleriniň arasynda ýewreýler, siganlar, sowet uruş ýesirleri we Ukrainanyň azat ediş hereketiniň söweşijileri bardy”, diýip premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman Facebook sosial ulgamynda belledi.

29-njy sentýabrda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň baştutanlygynda geçirilen matam çäresine Ysraýylyň prezidenti Reuwen Riwlin hem gatnaşmalydy. Emma Riwlin Ysraýylyň öňki prezidenti Şimon Peresiň aradan çykmagy sebäpli Kiýewe saparyny ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG