Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnaranyň millionlary: Bikanun serişdeler özbek resmilerine heniz berilmeýär


Gülnara Kerimowa.
Gülnara Kerimowa.

Merkezi Aziýanyň iň bir yzgytsyz we uzak wagtlap hökümdarlyk eden liderleriniň biriniň maşgala agzalarynyň güni göz-görtele ýaşyp gelýärkä, gözegçi toparlaryň aýtmagyna görä, korrupsiýanyň girdabyna batan ýurt bolan Özbegistanda syýasy elitanyň arasynda güýç-gudrat we pul serişdelerine kontrollyk ugrunda göreş barýar.

Ýurdy hiç bir päsgelçiliksiz diýen ýaly otuz ýyla golaý dolandyranyndan soňra sentýabr aýynyň başlarynda aradan çykan öňki prezident Yslam Kerimowyň maşgalasynyň we onuň ýaranlarynyň toplap, düýnäniň dürli ýerlerinde ýygşyryp goýan ummasyz baýalygy hakynda näme diýilýär?

Birleşen Ştatlaryň resmileri häzir dowam edýän bir sud prosesinde bu bikanun pullaryň azyndan bir bölegini yzarlap gelýärler. Bu proses Özbegistanda barýan häzirki ösüşiň möhüm sepgidinde Waşington bilen Daşkentiň aragatnaşyklarynyň nähili gowşakdygyny görkezýär. Şol wagtyň özünde-de, bular ýaly puly awtoritar režimlere gaýtaryp bermegi bökdemegi mümkin bolan päsgelçilikler ýüze çykarýar.

Üstümizdäki ýylyň başlarynda ABŞ-yň Adalat ministrligi Kerimowyň uly gyzy Gülnaranyň eliniň bardygy aýdylýan ençeme ýyllyk gödek para işlerine degişli 600 million dollar puluň konfiskasiýa edilmegi we uly telekommunikasiýa kompaniýalarynyň derňelmegi barada höküm çykardy.

Pullar näme edilmeli?

Amerikanlar şondan bäri bu pullaryň näme edilmegi barada özbek resmileri bilen kynçylykly gepleşikleri geçirýärler. Amerikan resmileri bu puly Özbegistana gaýtaryp bermek isleýändiklerini aýdýarlar. Ýöne olar, aýdylyşyna görä, bu puluň soňra nähili sarp edilişi barada hem aç-açanlygyň bolmagyny talap edýärler.

Özbek resmileri bolsa, aýdylyşyna görä, bu puluň nähili sarp edilmegi barada Waşingtonyň özlerine buýruk berjek bolýandygyny aýdyp, bu pikiri häli-şindi gaýtalaýar. “Meniň pikirimçe, mal-mülki gaýtaryp berme meselesi häzirki wagtda amerikan-özbek gatnaşyklarynda oňlanmadyk we umumylaşdyrylmadyk iň uly mesele bolup durýar. Hakykatdan-da, bu gatnaşyklary şekillendirýän mesele” diýip, Barnard Kollejiň professorlarynyň we basym çapdan çykjak Merkezi Aziýanyň hökümet elitasy baradaky kitabyň awtorlarynyň biri bolan Aleksander Kooleý aýdýar.

Kerimowyň aradan çykmagy, onuň oruntutary, şol sanda demokratiýanyň açyk bolup-bolmazlygy, kanunyň hökmurowanlygy, şeýle hem Özbegistanyň geljekde daşary syýasatda tutjak ugurlary hakdaky soraglar hem ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar.

2001-nji ýylyň sentýabr aýynyň başlarynda Birleşen Ştatlarda bolan terroristik hüjümlerden soňra Özbegistanyň goňşusy Owganystanda Al-Kaýda we Taliban hereketine garşy söweşde, ABŞ-yň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa NATO we beýleki güýçler, şeýle-de üpjünçilikler üçin korridor gerek boldy. Waşington bilen Daşkendiň aragatnaşyklary şondan soňra sowaşdy.

Waşington halkara terrorizmi, aýratyn-da käbir bölegi Özbegistanda ýerleşýän yslamçy radikallary nyşana almakda, Özbegistanyň beren kömeklerini oňat garşylady. Gatnaşyklary ýaramazlaşdyran adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar aýtmyşlaýyn Kerimowyň administrasiýasynyň graždan jemgyýetiniň aktiwistleri we käbir dindar toparlar barada ulanýan wagşyçylykly taktikalary boldy. 2005-nji ýylda gündogar Özbegistandaky Andijanda bolan gyrgynçylykdan soňra ABŞ hem Günbatar döwletleriniň köpüsi Daşkent bilen bolan gatnaşyklaryny kesdiler.

Şu wagta çenli ele salan iň uly pul serişdesi

Bu aralykda Orsýet özi ýaly öňki sowet respublikasy bolan Özbegistana Moskwa bilen giň gerimli söwda we howpsuzlyk gatnaşyklary bolan tebigy ýaran diýip garaýar.

Waşingtonyň baýlygy gaýtaryp bermek meselesine özbek häkimiýetlerini reforma itermäge bolan bir gural diýip garaýan bolmagy mümkin, ýöne Daşkendi özünden daşlaşdyrmazlyga ymtylmagy-da ähtimal.

“Birleşen Ştatlar Daşkentdäki täze ýolbaşçylar bilen gaýtadan gatnaşyga girmek isleýär. Täze özbek prezidenti bilen oňat gatnaşyklaryň gerekdiginiň pul serişdeleri baradaky gepleşiklere hem täsir etmegi mümkin” diýip, Halkara krizis toparynyň Merkezi Aziýa boýunça öňki barlagçysy we häzir Ekseter uniwersitetiniň mugallymy bolan Dawid Lewis aýdýar.

G. Kerimowa bilen baglanyşykly pul serişdeleri Amerikanyň Adalat ministrliginiň tutuş dünýäde korrumpirlenen döwlet işgärleriniň bikanun gazanan baýlyklaryny konfiskasiýa edip, ol baýlyklary şol ýurtlara gaýtaryp bermek üçin döredilen “Kleptocracy Asset Recovery Initiative” programmasyna daýanyp, şu wagta çenli ele salan iň uly möçberli pul serişdesidir.

Özbekler bilen gürleşmek Kerimow ölmezden öň-de bu proses bilen tanyş bir günbatarly geňeşçiniň aýdyşy ýaly “gaty kyndy”. Özbek hökümetiniň geçen gepleşiklerden habarly bir resmisi Azatlyk Radiosyna özbek delegasiýanyň Waşingtondan lapykeç dolanyp gelendigini belläp: “Netije bolmandyr, olaryň bu puly yzyna almak umydy ýok diýerlik” diýdi.

Synçylar

Amerikanyň Döwlet we Adalat departamentiniň işgärleri hem Azatlyk Radiosyna bu barada maglumat bermekden saklandylar.

Garaşsyz aktiwistler we Kerimowyň tankytçylary konfiskasiýa edilen pul serişdeleri gaýtarylyp, hökümetiň kontrollygyndan daşardaky toparlara, mysal üçin, ykdysadyýeti ösdürmek, adam hukuklaryny goramak ýa graždan jemgyýetini ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barýan toparlara berilmeli diýýärler.

Käbir synçylar Özbegistanda häzir prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirziýaýewyň Gülnara Kerimowanyň garşysyna korrupsiýa bilen baglanyşykly sud prosesleri barýarka, telekom rugsatnamalarynyň berilmegine jogapkär kommunikasiýa ministrini özüniň öňki wezipesine belländigine salgylanýarlar. Özbek hökümetiniň gümürtik häsiýeti we dürli tireleriň sahnalaryň aňyrsynda häkimiýet ugrunda göreş alyp barýandygy gaýtarylan pullar adalatly we hökümetiň ara goşulmazlygy bilen sarp ediler diýen umydy çäklendirýär.

“Eger [Kerimowyň maşgalasynyň konfiskasiýa edilen] pullary gaýtarylyp berilse, ol biriniň kisesine gider. Ol maýa hökmünde bir ýere goýulmaz ýa haýyr-sahawat guramalaryna berilmez. Hökümete degişli däl guramalary-ha asyl agzap hem ýörmeli däl. Hökümete degişli däl gurama ýok” diýip, Waşingtonyň Milli goranyş uniwersitetiniň professory 2009-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaragly güýçleriniň roly hakda kitap ýazan Erika Marat aýdýar.

Ol soňra hem: “Bular gury hyýal” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

XS
SM
MD
LG