Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda pagta ýygymy yslama görä wajyp saýyldy


Uzbekistan - Pagta ýygýan özbegistanlylar.harvest
Uzbekistan - Pagta ýygýan özbegistanlylar.harvest

Özbegistanda pagta ýygymynyñ iñ gyzgalañly dowam edýän pursadynda käbir metjitleriñ ymamy juma namazynyñ wagzynda ýaşaýjylara pagta ýygymyna işjeñ gatnaşmaga çagyryş edipdi.

Käbir ymamlar hatda pagta ýygymynyñ her bir musulman özbek üçin yslamyñ wajyp amaly bolup durýandygyny nygtapdy. Munuñ ýanyndan ýurduñ köpsanly metjidinde ýaşaýjylardan pagta ýygymy üçin pul ýygnalýar.

Geçen hepde Özbegistanyñ metjitlerinde juma namazynda, Alladan has köp pagta hasyly bermegi dileg edilip, halky hem pagta ýygymyna köpçülikleýin gatnaşnaga çagyrypdyrlar.

Azatlyk Radiosynyñ özbek gullugy bilen gürruñdeş bolan Daşkendiñ bir ýaşaýjysy 23-nji sentýabrda “Hazrati Ali” metjidinde geçirilen juma namazynda, ymamyñ wagyz beren mahaly pagta ýygymynyñ musulmanlar üçin yslam dininiñ wajyp wezipesi hasaplanýandygyna aýratyn üns çekendigini aýdypdyr.

Ýörite görkezme

– Baş ymamyñ nygtamagyna görä, pagta ýygymy yslamyñ wajyp amaly, ýagny wezipesi hasaplanýar. Ol biziñ pagta ýygymyna işjeñ gatnaşyp, döwletiñ pagta ammaryna öz goşandymyzy goşmalydygymyzy we şol bir wagtyñ özünde hem pagta ýygymyna pul kömegini etmelidigimizi aýtdy – diýip, ýaşaýjy gürrüñ beripdir.

Daşkendiñ “Hazrati Ali” metjidiniñ bir işgäriniñ bellemegine görä, ymamyñ pagta ýygymyna gatnaşmaga çagyryş etmegi, Özbegistanyñ dini guramasynyñ ýörite görkezmesi ýaly gulaga eşidilýär.

– Bize iberilen görkezmede wagyzyñ temasynyñ “pagta ýygymyna” bagyşlanmalydygy nygtalýar. Düýn juma namazy üçin bize iberilen hatda ymamyñ ýaşaýjylara bu temany pugta düşundirmegi tagalla edilýär. Dogrydanam, juma namazynyñ wagzynda baş ymam şeýle diýdi “Pagta biziñ milli baýlygymyz bolansoñ, pagta ýygymy hem wajyp, ýagny din taýdan hökmanylyk hasaplaýar” diýip, Daşkendiñ “Hazrati Ali” metjidiniñ işgärleriniñ biri Azatlyk Radiosynyñ Özbek gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Mundan daşary, Azatlyk Radiosynyñ Özbek gullugy öz dürli çeşmeleriniñ üsti bilen Özbegistanyñ beýleki ýerlerindäki metjitlerde hem geçen juma namazynda şeýle dini wagyz-nesihatyñ edilendigini anyklady.

“Goşmaça subutnamalar görkezmeli”

Özbegistanyñ metjitlerinde ymamlaryñ edýän şeýle çagyryşlary barasynda teolog Muhiddin Şirinow Radiomyza öz pikrini şeýle beýan etdi:

– “Wajyp amal” yslam dininde hökmany suratda edilmeli işdir. Ony berjaý etmeýän günäkär hasaplanýar. Ýerine ýetiren bolsa Allanyñ ýanynda sogap gazanýar. Meniñ pikrime görä, bu maglumaty ymykly takyklamak gerek. Sebäbi bu diýseñ wawwaly mesele. Eger Özbegistan ýaly bir musulman ýurtda metjidiň ymamy halka döwlete haýsam bolsa bir ugurda kömek etmegi üçin çagyryş edýän bolsa, bu tebigy ýagdaý. Ýöne bu wakada ymam aýdýanyny dini kada öwrüpdir we pagta ýygymynyň wajyp amal, ýagny dini hökmanylyk bolup

durýandygyny öňe sürüpdir. Dini ara goşany üçin, ol bu ugurda goşmaça subutnamalar görkezmelidir. Meniň pikrime görä, biziň ymamlarymyz pagta ýygymynyň din taýdan wajyp, ýagny hökmanylyk bolup durýandygyny öňe sürüp bilmezler. Adamlar muňa nädogry düşünen bolmaly we olaryň aýdanlaryny hem nädogry gaýtalaýan bolmaly – diýip, teolog Muhiddin Şirinow Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Metjitleriň ymamlary hökümete goldaw hökmünde pagta ýygymyna gatnaşmak barasynda diňe bir dini çagyryşlar bermek bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde-de halkdan munuň üçin pul kömegini hem ýygnaýarlar.

– Şol bir wagtyň özünde pagta ýygýanlara pul kömeginiň berilmegi barasynda “ýokardan” hem görkezme berlipdir. Biz pagta ýygymyna kömek üçin, halkdan ýygnalan 360 müň som puly dynç alyş güni hökümete gowşurdyk. Bize ol pulyň pagta ýygymyna gatnaşýanlara beriljekdigini bildirdiler – diýip, Daşkent metjidiniň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna maglumat beren bir işgäri aýdýar.

Halkara guramalary

Özbegistanyň din baradaky ýokary guramasynyň dürli bölümlerinden alnan maglumatda, bu ýylky pagta ýygymynda ymamlara diňe halka dini çagyryş edip, pagta ýygymyna pul toplamakdan daşary, olaryň hut özleriniň hem pagta meýdanlaryna gitmeginiň talap edilendigi bellenýär.

Radionyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, käbir oba metjitleriniň ymamlary pagta meýdanlarynda pagta ýygýarlar.

Özbegistanda diniň döwletden üzňedigine, ýagny özbaşdaklyga eýedigine garamazdan, dini guramadyr jemgyýetleriň alyp barýan işleri Içeri işler ministrliginiň işgärleri tarapyndan berk gözegçilikde tutulýar.

Halkara guramalar diňe bu ýyl däl, eýsem hemişe Daşkent hökümetiniň resmileriniň öz raýatlaryny pagta ýygymyna we beýleki agyr işlere gatnaşmaga mejbur edýändigini tankytlap gelýärler.

Adam hukuklaryny goraýan birnäçe guramalardan emele gelen “Cotton Campaign” bileleşigi yzygiderli ýagdaýda, Özbegistanyň hökümetine raýatlary mejbury zähmete çekmegi goýbolsun etmäge çagyryş edip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň materialy.

XS
SM
MD
LG