Sepleriň elýeterliligi

Russiýada ABŞ diplomatlaryna neşe berilmegi alada döredýär


Russiýada ABŞ diplomatlaryna neşe berilmegi alada döredýär.

Russiýada ABŞ diplomatlaryna neşe berilmegi alada döredýär.

Öten ýyl Orsýetde geçen bir maslahata gatnaşmak üçin diplomatik pasport bilen bu ýurda sapar eden iki amerikan resmisine neşe berlip, olaryň biri keselhana düşdi. Ýöne bu soňra, resmileriň gelen netijelerine görä, Orsýetde Birleşen Ştatlaryň diplomatlaryna azar bermek üçin edilýän işleriň bir bölegi bolup çykdy.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň anti-korrupsiýa boýunça Sank-Peterburgda geçen maslahatynyň dowamynda bir myhmanhananyň barynda bolan hadysadan howatyrlanan Amerikanyň Döwlet departamenti bu barada assyrynlyk bilen Moskwa protest bildirdi.

Ýöne şu ýylyň iýun aýynda Birleşen Ştatlaryň akreditlenen bir diplomatynyň Amerikanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde uçran hadysasyndan soňra, Waşingtondaky resmiler neşe meselesini gaýtadan gözden geçirip, bu hadysalaryň ikisi-de belli bir ülňiniň bir bölegi diýen netijä geldiler.

Çaklamalar

Döwlet departamentiniň çaklamagyna görä, diplomatlaryň ýanalmagy geçen iki ýyllykda bir aýratyn meselä öwrülipdir.

Amerikan hökümetiniň resmileriniň we ýagdaýa ýetik beýleki öňki resmileriň aýtmagyna görä, neşe berlen diplomatlar Birleşen Milletler Guramasynyň korrupsiýa garşy geçen ýylyň 2-6-njy noýabr aralygynda Sank-Peterburgda geçen maslahatyna ilberilen wekiller toparynyň agzalary eken.

2014-nji ýylda Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdireninden soňra, Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi we olaryň ýaranlary Moskwanyň garşysyna sanksiýalary girizdiler. Bu maslahat hem şondan bärde Orsýetde geçen we amerikan hökümetiniň wekillerine gatnaşmaga rugsat edilen ilkinji resmi maslahatdy.

Maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň we Adalat ministrliginiň dürli bölümlerinden hem 21 adamyň gatnaşandygyny maslahatyň sanawyndan görmek bolýar. Ýöne maslahata gatnaşan başga amerikanlar-da, şol sanda akademikler we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri ýaly adamlar-da ýok däl.

Neşe meselesi

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hökümete degişli däl guramalar tarapyndan maslahata gatnaşan adamlar bilen habarlaşdy. Ýöne olar neşe meselesinden habarlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň resmileri Azatlyk Radiosyna amerikan derňewçileriniň iki amerikala - biri aýal, biri erkek - neşe berlipdir diýen netijä gelendiklerini aýtdylar. Bu işiň olaryň Sank-Peterburgda bolan myhmanhanalarynda edilen bolmagy ähtimal.

Maslahata gatnaşan amerikan resmileri Döwlet departamentiniň ýa Adalat ministrliginiň ýokary derejeli resmileri bolmansoň, Döwlet departamenti hadysany ulaltman oňa assyrynlyk bilen çemeleşmeli diýen karara gelipdir. Resmi protest haty iberilipdir, ýöne ors häkimiýetleri neşe berlendigini görkezýän subutnama talap edipdirler. Amerikanlarda-da bu mümkinçilik bolmandyr.

Amerikan resmileriniň bolan myhmanhanasyndan işgärleriň sanawy soralanda myhmanhananyň müdiriniň agzalýan wagt barada ýörite sanawyň ýokdugyny aýtmagy ozal hem bar bolan şübhäni has-da artdyrypdyr.

“Köpräk subutnama bolmasa, biziň edip bilýän işimiz ýok”

Amerikan hökümetiniň resmisiniň aýtmagyna görä, ors resmileriniň neşe meselesine garaýan derňewçilere aýdany şu bolupdyr: köpräk subutnama bolmasa, biziň edip bilýän işimiz ýok.

Azatlyk Radiosynyň bu barada beýanat bermegini sorap eden haýyşyna Orsýetiň ilçihanasy jogap bermedi.

Ors barlarynda çet ýurtlulara neşe berilmegi adatdan daşary zat däl. Ol köplenç ogurlyk synanyşyklary bilen baglanyşykly bolýar. Döwlet departamenti ors barlarynda dykgat etmän her bir içgini içmezligi maslahat berýär.

Ýöne Amerikan resmisiniň aýdýan neşe meselesi köplenç märekeli barlarda we gije klublarynda bolýan hadysalara çalym edenok. Gürrüňi edilýän iki adama aýry-aýrylykda neşe berlipdir, özi-de, pikir edilişine görä, bolýan myhmanhanalarynda. Bu işiň ogurlyk bilen ilteşiklidigini görkezýän hiç bir alamat-da ýok.

Amerikan diplomatlaryna we žurnalistlere orslar we sowet aňtaw gulluklary tarapyndan azar berilmegi dürli möçberde we çynlakaýlykda bolsa-da, onlarça ýyl bäri ýok däl. Ýöne soňky ýyllarda berilýän ezýet-azaryň az-kem artanlygy barada aýdylýar. Bu Moskwanyň Ukrainanyň içerki işlerine garyşmagy netijesinde amerikan-ors gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyndan öň hem şeýledi.

Degişli däl soraglar

Mysal üçin 2013-nji ýylda Döwlet departamentiniň baş derňewçisi "Sowuk uruş döwründen bärde görlüp-eşidilmedik derejede Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan işgärlere basyş edilýär" diýdi.

Döwletiň kontrolyndaky telekanalyň işgärleri 2012-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Birleşen Ştatlaryň ilçisi bolan Maýkel MkFaulyň hususy duşuşyklaryna öňünden habar etmän baryp, degişli däl soraglar bilen ony ençeme gezek biynjalyk etdiler. Waşington howpsuzlyk aladalary barada derhal Moskwa nägilelik bildirdi. MkFaul gepleşikleriniň diňlenip žurnalistlere ýetirilýändigini aýtdy.

Ýöne bu aýdylýan hadysalar köplenç biynjalyk edilmeler barada. Diplomatlaryň özüne ýetirilen fiziki zyýan ýok diýerlik.

Döwlet departamentinden neşe barada resmi beýanat soralanda olar 2014-nji ýyldan bäri problema artdy diýip güman edýändiklerini aýtdylar.

"Belli hadysalaryň gürrüňini etmesek-de, işgärlerimize çemeleşilişi bizi aladalandyrýar. Halkara hukugy boýunça goragy kepillendirme işine laýyk gelmeýän her bir hadysany ýokary orunlardakylara ýetirdik we ýetirýäris " diýip, Döwlet departamentiniň bir resmisi adynyň berilmezligi şerti bilen Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Köp ýurtlar tarapyndan ulanylýan taktika

Şu ýylyň iýun aýynda Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasynyň gapysynda bir amerikalyny ors garawulynyň saklamagy bu meselä ýene üns berilmegine sebäp boldy. Amerikanyň Döwlet departamenti tarapyndan akreditlenen diplomatdygy aýdylýan bu adam garawula özüniň şahsy dokumentini görkezipdir.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmileri bolsa ýurduň esasy howpsuzlyk gullugy FSB tarapyndan işe alnan garawulyň öz wezipesini, ýagny ilçihanany özüniň şübheli hasaplaýan adamlaryndan goramagy ýerine ýetirendigini aýtdylar.

Moskwa soňra agzalýan amerikalynyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) diplomatik işe duwlanyp işleýän işgäridigini aýtdy. Bu bolsa köp ýurtlar, şol sanda hem Orsýet hem-de Birleşen Ştatlar tarapyndan ulanylýan taktikalaryň biri.

Bu hadysadan wideo ýazgy taýýarlanyp, soňra Orsýetiň telewideniýesinden berildi.

“Diplomatiýa ikitaraplaýyn”

Şondan soňra Sowuk uruşdan galan adata eýerip, Moskwa we Waşington beýleki tarapyň akreditlenen iki diplomatyny ýurtdan kowdular.

Iýun aýynda Amerika Orsýetde öz diplomatlaryna kynçylyk döredilişi barada galmagal turzup ýörkä, Moskwa hem Birleşen Ştatlarda öz diplomatlary barada basyş taktikalarynyň ulanylýandygyndan zeýrendi. Döwlet departamentiniň sözçüsi Maria Zaharowa Orsýetiň diňe öç alýandygyny ileri sürüp, ýagdaýyň ýaramazlaşmagy barada duýduryş berdi.

"Biziň diplomatlarymyz birsyhly Federal derňew býurosy (FBI) we Merkezi aňtaw gullugy (CIA) tarapyndan bolýan prowokasiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olar barada kabul ederliksiz çäreleri ulanýarlar. Mysal üçin, maşgala agzalarynyň ýanynda olara ruhy basyş edilýär" diýip, Zaharowa 28-nji iýunda Moskwada bir brifingde aýtdy.

Ol soňra hem: "Diplomatiýa ikitaraplaýynlyga esaslanýar. Birleşen Ştatlar gatnaşyklara näçe zyýan ýetirse, amerikan diplomatlaryna hem Orsýetde iş alyp barmak şonça kynlaşar" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG