Sepleriň elýeterliligi

KHŞG Ýerewanda sessiýa geçirýär 


 Rus prezidenti Wladimir Putin Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Ýerewana geldi.

Rus prezidenti Wladimir Putin Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Ýerewana geldi.

Ozalky sowet respublikalarynyň uly resmileri, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Ýerewana ýygnandy.

Bu guramanyň 14-nji oktýabrda geçýän duşuşygynda Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň täze baş sekretaryny saýlamaga we terrorizme garşy bilelikde göreşmek tagallalaryna üns berler öýdülýär.

KHŞG ozalky sowet respublikalary bolan Orsýetiň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagyndaky regional howpsuzlyk guramasydyr.

Ýerewandaky sessiýa guramanyň agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewden başgasynyň gatnaşýandygy aýdylýar. 76 ýaşyndaky Nazarbaýewiň Ýerewana saparynyň "sowuklama" sebäpli goýbolsun edilendigi aýdyldy.

13-nji oktýabrda ermeni protestçileriniň topary KHŞG-nyň Ýerewanda täze gurlan akademiýasynyň depesinde şygar galdyryp, Putini Ermenistandan çeke durmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG