Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Orsýetdäki baş ilçisini täzeledi 


Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow Aşgabada sapary mahalynda, 27-nji ýanwar, 2016

Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow Aşgabada sapary mahalynda, 27-nji ýanwar, 2016

Türkmenistanyň prezidenti anna güni ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary bolup işleýän Batyr Nyýazlyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi.

B.Nyýazlyýew daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine şu ýylyň ýanwarynda bellenipdi we ondan öň Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi bolup işläpdi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky öňki ilçisi Berdymyrat Rejebow awgust aýynda Türkmenistanyň Italiýadaky baş ilçisi wezipesine bellendi.

XS
SM
MD
LG