Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda 29 tussagyň deslapky sud diňlenişigi geçirilýär


Gazagystanyň Aktobe şäheri.

Gazagystanyň Aktobe şäheri.

Gazagystanyň demirgazyk-günbatarynda yslamçy terroristlerdigi aýdylýan adamlara we olaryň tarapdarlaryna garşy geçirilýän sud diňlenişigi başlandy.

29 tussagyň işi boýunça deslapky sud diňlenişigi 18-nji oktýabrda Aktobe şäherinde geçirilýär.

Bu tussaglaryň dokuz sanysy terrorizmde, adam öldürmekde, terrorçylykly topary guramalaşdyrmakda we oňa gatnaşmakda, hem-de ýaraglary bikanun saklamakda we ulanmakda aýyplanýar.

Galan 18 tussag planlaşdyrylan terrorçylykly hereketler barada habar bermezlikde we beýleki iki tussag jenaýatçylary gizlemekde aýyplanýar.

Şu ýylyň iýun aýynda gazak häkimiýetleri 25 adamdan ybarat yslamçy söweşijileriň ýurduň Aktobe şäherinde birnäçe hüjümleri amala aşyrandygyny, munuň netijesinde parahat ilatdan bäş adamyň we Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasynyň ölendigini aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG