Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Nyýazowy we beýlekileri sylaglady


S.Nyýazowyň sökülen heýkeli.
S.Nyýazowyň sökülen heýkeli.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramynyň öňünden, «gahrymançylykly zähmetleri bilen garaşsyz watanyň kemala gelmegini we ýokary depginler bilen ösmegini üpjün eden raýatlar» orden-medallar bilen sylaglandy.

Prezident Berdimuhamedow anna güni, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çykyş edip, sylag alan adamlaryň arasynda ýurduň ilkinji prezidenti, merhum Saparmyrat Nyýazowyň hem bardygyny aýtdy.

Türkmen metbugaty «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin», «Watana bolan söýgüsi üçin», «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» diýen medallar bilen sylaglanan, hormatly at-derejeler berlen raýatlaryň we daşary ýurt raýatlarynyň atlaryny çap etdi.

XS
SM
MD
LG