Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda göknar ekerançylygy ýokarlandy


Uruzgan welaýatyndaky göknar meýdany, 27-nji aprel, 2016.
Uruzgan welaýatyndaky göknar meýdany, 27-nji aprel, 2016.

Birleşen Milletler guramasynyň 23-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Owganystandaky göknar ekerançylygy 2016-njy ýylda 10 prosent ýokarlandy.

BMG-niň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň ýyllyk hasabatynda gelnen esasy netijelere görä, 2016-njy ýylda göknar ekilýän ýerleriň möçberi 10 prosent ýokarlanyp, 201 müň gektara ýetipdir.

Göknar ekerançylygynyň böküşiniň sebäbi amatly howa şertleri, hökümetiň howpsuzlyk çärelerini gowşatmagy, neşe maddalaryna garşy operasiýalara berilýän halkara goldawynyň peselmegi bilen bagly diýip, BMG aýdýar.

Hasaplamalara görä, göknar ekerançylygyndan alynýan hasylyň derejesi 30 prosent ýokarlanypdyr.

Owganystanda göknar ekýänler esasan «Talybana» salgyt töleýärler, olar bu serişdäni hökümet güýçlerine we NATO goşunlaryna garşy alyp barýan pitne söweşlerini maliýeleşdirmek üçin ulanýarlar.

Owganystandaky göknar ekerançylygy dünýä boýunça geroiniň esasy çeşmesi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG