Sepleriň elýeterliligi

HMF Türkmenistanda inflýasiýanyň peseljegini çak edýär


Bankyň öňünde nobat, Agabat

Bankyň öňünde nobat, Agabat

2017-nji ýylda Merkezi Aziýada inflýasiýa boýunça iň uly görkezijiniň Özbegistanda iň pes görkezijiniň Türkmenistanda bolmagyna garaşylýar.

Bütindünýa maliýe fondunyň çaklamalaryna görä, indiki ýylda Özbegistanda milli puluň hümmeti 9.6%, Türkmenistanda 5.0% derejesinde bolar. Inflýasiýanyň Gazagystanda 9.3%, Gyrgyzystanda 7.4% we Täjigistanda 7.3% boljakdygy çak edilýär.

Çaklamalara görä, 2016-njy ýylda regionda iň uly inflýasiýa Gazagystanda bolup 13.1% derejesine ýeter, Özbegistanda 8.4%, Täjigistanda 6.3%, Türkmenistanda 5.5% bolar. 2016-njy ýylda regionda 1.1%-den ybarat iň pes inflýasiýa derejesi Gyrgyzystana degişli bolar.

Türkmenistanda milli puluň hümmetiniň üýtgemegine degişli resmi stastika maglumatlary çap edilmeýär. Milli manadyň amerikan dollary babatyndaky resmi kursy 3 ýarym manat derejesinde saklandy, nagt walýuta çalyşygy ýylyň başynda ýatyryldy. Ýurtda bir amerikan dollaryň “gara bazardaky” bahasy şu günler 8 manada golaýlady.

Ýylyň dowamynda ýurduň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň sany azaldyldy we aýlyklaryň berilmegi gijikdirildi.

Türkmenistanyň hökümeti şu ýylyň dowamynda ýurduň ykdysady ösüş derejesiniň 6%-den aşandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG