Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada söweşmekde aýyplanýan gazak raýaty sud edilýär


Maksim Ýermolow Aktobe şäherinde geçýän sud diňlenişiginiň dowamynda özüniň günäsizdigini aýtdy.

Maksim Ýermolow Aktobe şäherinde geçýän sud diňlenişiginiň dowamynda özüniň günäsizdigini aýtdy.

Gazagystanda Ukrainanyň gündogarynda orsýetparaz separatistleriň hatarynda söweşmekde güman edilýän gazak raýatynyň üstünden sud diňlenişigi başlandy.

Maksim Ýermolow Aktobe şäherinde geçýän sud diňlenişiginiň dowamynda özüniň günäsizdigini aýtdy.

Etniki rus – Ýerlomow geçen ýylyň fewralynda Ukrainanyň Donetsk regionyndan Gazagystana dolananyndan soň tussag edilipdi. Ol separatistleriň tarapynda Ukrainanyň hökümetine garşy söweşmkde şübhelenýär.

Oňa “daşary ýurtlardaky harby konfliktlere goşulmak” aýyplamasy bildirilýär. Ol başdaky sud diňlenişiklerine gelmedegi sebäpli, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Gazagystanda 2014-2015-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň hökümetine garşy söweşmekde aýyplanyp, azyndan iki gazak raýaty tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG