Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan terrorçylykda aýyplanan raýatyny ömürlik türmä höküm etdi


Gazagystanyň Almaty şäheriniň sudy 26 ýaşly Ruslan Kulekbaýewiň işine seredýär, 2-nji noýabr, 2016

Gazagystanyň Almaty şäheriniň sudy 26 ýaşly Ruslan Kulekbaýewiň işine seredýär, 2-nji noýabr, 2016

Gazagystanyň sudy terrorçylyk bilen bagly aýyplanan adamy ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

2-nji noýabrda Gazagystanyň Almaty şäheriniň sudy 26 ýaşly Ruslan Kulekbaýewi adam öldürmekde, adam öldürmäge synanyşmakda we terrorizmde günäli tapdy.

Işine garalan ýene bäş adam üç we on ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildiler.

Kulekbaýev iýul aýynda Almaty şäheriniň polisiýasynyň edarasynda we Milli howpsuzlyk komitetinde ok atyşygyň netijesine ele salyndy. Şonda alty adam, şol sanda pensiýadaky polisiýa ofiseri, serhetçi we polisiýanyň dört wekili wepat bolupdy.

Ýene üç polisiýa işgäri ýaralanyp, yzýany keselhanada ýogalypdy.

Häkimiýetler Kulekbaýewiň ýaragly talaňçylygy amala aşyrandygy sebäpli ilkinji gezek türme tussaglygyna höküm edilen wagtynda radikal yslama baş goşandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG