Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mook: FBI Trumpyň Orsýet bilen gatnaşyklarynyň üstüni açmaly


ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillary Klinton we Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump
ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillary Klinton we Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump

ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillary Klintonyň saýlaw kampaniýasynyň dolandyryjysy Federal derňew býurosyny (FBI) Orsýetiň we Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trumpyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstüni açýan maglumatlary paş etmäge çagyrdy.

CNN telekanalynda görkezilen söhbetdeşliginde Robby Mook Federal derňew býurosynyň başlygy James Komeý geçen hepdede prezidentlige dalaş edýän kandidat Hillary Klintonyň elektron hatlarynyň derňewlerini netijeleri barada habar beren bolsa, näme sebäpden Trumpyň we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklara degişli maglumatlaryň üstüni açmaýar diýen sowaly orta atdy.

Reuters agentligi Federal derňew býurosynyň birnäçe aý mundan ozal geçiren derňewleriniň netijesinde Trumpyň we onuň ýaranlarynyň orsýetliler we orsýet biznesi bilen sorag döredip biljek gatnaşyklarynyň bolmagynyň anyklanandygyny habar beripdi. Emma takyk subutnamalar öňe sürülmändi.

XS
SM
MD
LG