Sepleriň elýeterliligi

Bagdadi jeňçileriň Mosuldan çekilmeli däldigini aýtdy


“Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi

“Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi

“Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi öz jeňçilerine ýüzlenip, Mosul şäherinden yza çekilmezlige çagyrdy. Häzir yrak güýçleri bu şäheri jeňçilerden azat etmek boýunça giň gerimli harby operasiýany geçirýär.

“Yslam döwleti” toparynyň Al-Furkan media serişdesi 3-nji noýabrda Bagdadiniň sesidigi aýdylýan “yza çekiläýmäň” diýen ýazgysyny eşitdirdi.

“Abraý bilen berk durmagyňyz utanç bilen gaçanyňyzdan müň esse aňsatdyr” diýip, Bagdadi bir ýyla çeken sessizlikden soň çykyş etdi.

2014-nji ýylyň iýunynda Bagdadi Yragyň üçden bir territoriýasyny ele geçirenden soň, olMosulda çykyş edip, “Yslam döwleti” diýip atlandyran toparynyň döredilýändigini yglan edipdi.

Şondan bäri jeňçileriň elindäki territoriýalar göz-görtele kemeldi.

XS
SM
MD
LG