Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Güýçli gom jaýlary zaýalady, adamlary ýaralady


Gazagystanyň Žambyl regiony

Gazagystanyň Žambyl regiony

Gazagystanyň günorta regiony Žambylda dörän güýçli gom ýeli onlarça binanyň ýumrulmagyna we 11 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Ýaralanan adamlaryň üçüsi keselhana düşdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça regional edaranyň resmileriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, güýçli gom regionda 3-nji noýabrda agşam emele gelip, regionyň paýtagty Tarazda we beýleki giňişliklerde ýaşaýyş jaýlaryň hem edaralaryň üçeklerini goparypdyr we elektrik liniýalaryny zaýalap, onlarça obany elektrik energiýasyz galdyrypdyr.

Gazagystanyň günorta regionlaryny ýurduň beýleki bölekleri bilen birleşdiren ençeme otlynyň gatnawy kesildi.

XS
SM
MD
LG