Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä Banky Türkmenistanyň girdejisi ortaçadan ýokary diýýär


Bütindünýä Bankynyň belgisi
Bütindünýä Bankynyň belgisi

Türkmenistan ortaçadan ýokary girdejili ýurtlaryň sanawyna girdi, diýip Bütindünýä Banky habar berdi.

“Türkmenistanyň ykdysadyýeti global şertleriň durnuksyzlygyna we kesgitsizligine garamazdan, köp ýyllaryň dowamynda uly ösüş depginlerini görkezdi, bu bolsa ýurduň ortaçadan ýokary girdejili ýurtlaryň sanawyna girmegine kömek” berdi diýlip media maglumatlarynda Bütindünýä Bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlary boýunça wise-prezidenti Siril Muller sitirlenýär. Habar berilişine görä, Muller Bütindünýä Banky Toparynyň (WBG) Türkmenistanyň ýokary girdejili, döwrebap we köpugurly ykdysady ýetli ýurtlaryň toparyna geçmegine ýardam berjegini tassyklapdyr.

1992-nji ýyldan bäri Bütindünýä Banky Toparyna (WBG) goşulan Türkmenistan oktýabryň başynda tölegli maslahat hyzmatlaryň berilmegi boýunça ikinji ylalaşygyna gol çekipdi. Taraplar birinji ylalaşygy 2013-nji ýylda baglaşypdy.

Bütindünýä Bankynyň şu ýylyň iýun aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň içerki önümçilik derejesiniň 2016-2018-nji ýyllarda 5% derejesinde bolmagynyň çak edilýändigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG