Sepleriň elýeterliligi

Eýran Trampyň ýadro ylalaşygyny berjaý etmäge borçlydygyny aýtdy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň we Tähranyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyny berjaý etmäge borçlydygyny belledi.

Tramp özüniň prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda agzalan ýadro ylalaşygyny “ýatyrmagy” wada beripdi we ony “ömründe gören iň ýaramaz ylalaşyk” diýip atlandyrypdy.

“ABŞ-nyň islendik prezidenti şu günki dünýäniň ýagdaýyna düşünmelidir” diýip, 9-njy noýabrda Eýranyň Tasnim täzelikler agentligi ýurduň daşary işler ministri Zarifi sitirledi.

Eýranyň Atom energiýasy boýunça döwlet agentligi ýagdaýyň islendik ýoldan özgermegine taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG