Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň, Pakistanyň goranmak ministrleri TOPH-y maslahat etdiler


Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-HIndistan (TOPH) proýektiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlandy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-HIndistan (TOPH) proýektiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlandy.

Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew we Pakistanyň guryýer goşunlarynyň ýolbaşçysy Rahil Şerif 10-njy noýabrda Yslamabatda duşuşyk geçirdiler. Pakistanyň mediasynyň habar bermegine görä, taraplar regional howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahat etdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň goranmak ministri Berdiýewiň Federal goranmak ministri Hawaja Asif bilen hem duşuşyp, taraplaryň TOPH gaz geçiriji proýektiň howpsuzlygynyň ähmiýetini nygtandygy habar berilýär.

“Biz TOPH proýektiniň ähli taraplaýyn üstünlikli bolmagy üçin bilelikde işleşeris praktiki ädimleri äderis” diýip, Berdiýew media maglumatlarynda sitirlenýär.

Hawaja Asif Pakistanyň Türkmenistan bilen harby we goranyş boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmaga we Türkmenistanyň ýaragly güýçlerini harby hem terrorçylyga garşy göreş boýunça dürli türgenleşikler bilen üpjün etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Yslamabatdaky gepleşikleriň öňýanynda Türkmenistanyň goranmak ministri Birleşen Arap Emirlikleriniň goranmak ministri bilen duşuşyk geçirdi.

XS
SM
MD
LG