Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tramp Flini milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine teklip etdi


Tramp ozalky harby aňtaw başlygy Maýkl Flini milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine teklip etdi.
Tramp ozalky harby aňtaw başlygy Maýkl Flini milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine teklip etdi.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp ozalky harby aňtaw başlygy Maýkl Flini milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine teklip etdi diýip, amerikan mediasy 17-nji noýabrda habar berdi.

Fliniň bu wezipäni kabul edip-etmejekdigi barada zat aýdylmaýar. «Roýters» habar gullugy Trampyň uly derejeli resmisine salgylanyp, «haçanda ABŞ-nyň prezidenti gulluk etmegi soranda, diňe bir jogap bolar» diýip ýazdy.

Flin prezident Barak Obamanyň Goranyş aňtaw maglumatlary agentliginde iki ýyldirektorlyk etdi we 2014-nji ýylda işden çetleşdirilip, Obamanyň daşary syýasatynyň öňdebaryjy tankytçysy boldy.

Flin hususan-da Obamanyň «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşdäki çemeleşmesini tankytlaýar we Birleşen Ştatlar şu günki gün terror howpunyň öňünde 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terror hüjümleri mahalyndan hem gowuşgynsyz diýýär.

XS
SM
MD
LG