Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda YD komandiri öldürildi 


YD agzalary "Talyban" agzalaryny öldürýär
YD agzalary "Talyban" agzalaryny öldürýär

Owgan resmileri «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň ýokary derejeli komandiriniň, ABŞ-nyň güman edilýän dron zarbasy netijesinde, gündogar Owganystanda öldürilendigini aýdýarlar.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Attaulla Kugiani «Yslam döwleti» toparynyň Owganystandaky lideri Mullah Bozorgyň ýanyndaky ýedi söweşiji bilen bilelikde, 18-nji noýabrda öldürilendigini aýtdy.

Sözçiniň tassyklamagyna görä, dron zarbasy Kot etrabynyň Lagharjo diýen ýerine urlupdyr. Ol bu topara degişli partlaýjy enjamlaryň, ok-ýaragyň hem weýran edilendigini aýtdy.

Owganystanyň Goranmak ministrligi hem 19-njy noýabrda bu habary tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG