Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Döwlet býujeti hakyndaky kanuna gol çekdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky kanuna gol çekdi.

Bu kanun taslamasy şondan bir gün ozal, 23-nji noýabrda türkmen parlamentinde biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103 571,6 million manat, çykdajy bölegi bolsa 104 871,6 million manat diýlip, habarda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajysynyň ep-esli bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygy ulgamlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär” diýip, TDH habar berýär.

XS
SM
MD
LG