Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hasyl toýuny tutýar


Galla baýramy, 2013.
Galla baýramy, 2013.

Türkmenistan her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde hasyl toýuny toýlaýar. Türkmen metbugaty prezident G.Berdimuhamedowyň babadaýhanlara iberen gutlagyny çap etdi.

Gutlagda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde bellenmeginiň örän çuňňur many-mazmuna eýedigi bellenilýär.

«Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren halal we bol hasylyna bolan begenjiniň aýdyň beýanydyr hem-de ene topraga bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr» diýip, prezident gutlagynyň dowamynda aýdýar.

Hukuk goraýjy aktiwistler türkmen daýhanlarynyň we býujet edaralarynyň işgärleriniň pagta tabşyrmak plany zerarly mejbury zähmet çekmäge mejbur edilýändigini, mundanam başga, daýhançylyk bilen meşgullanýan adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň agyr bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG