Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň jemleri: Merkezi Aziýa


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Geçen ýyl Orta Aziýada, edil öňünden çak edilişi ýaly, gyzykly ýyl boldy.

Ykdysadyýetiň pese düşmegi bäş respublikada dürli zyýanlara getirdi; regionyň uzak wagtlap häkimýet başynda bolan bir lideri öldi; goňşy Owganystanda barýan urşuň sesi serhediň Orta Aziýa tarapynda-da ýaňlandy durdy, şeýle hem terrorizm bilen baglanyşykly tutha-tutluk Orta Aziýada köpeldi.

Geçen ýyl, şol bir wagtyň özünde-de, regiondaky hökümetleriň syýasy garşydaşlaryny, hukuk aktiwistlerini, garaşsyz žurnalistleri basyp ýatyrmagy güýçlendiren we prezidentleriň öz şahsyýet kutltlaryny ýitileşdiren ýyly boldy.

Olary “utanlar” we “utulanlar” diýip, kategoriýalara bölmek aňsat däl. Has takygy, “aman galanlar” bilen kynlyk bilen aýak üstünde duranlar bar.

Ikinji topar Täjigistan bilen Türkmenistany öz içine alýar. Bularyň ikisi-de “başa barmadyk döwlet” diýen statusa tarap barýana çalym edýär.

Türkmenistan

Türkmensitan 2016-njy ýylda çuň ykdysady krizise batdy. Ýurduň ýeke-täk girdeji çeşmesi tebigy gaz. Onuň bahasy hem üç ýyla golaý mundan ozalkysynyň ýarpysyna deň. 2016-njy ýylyň edil başynda müşderi hökmünde Orsýeti elden beren Türkmenistan galan beýleki iki müşderisi bolan Eýran we Hytaý bilen baglaşylan şertnamalaryň köp girdeji getirmeýändigini düşünip galdy. Eýran özüniň import edýän deslapky 3 milliard dollarlyk gazynyň bahasyny haryt we hyzmat bilen töleýär. Ýöne problema: Eýran üstümzdäki ýyl Türkmenistandan 8-9 milliard kubometr gaz almakçy, munuň bahasy bolsa 3 milliard dollara ýetenok.

Muňa garamazdan Türkmenistan 2016-njy ýylyň aýagynda Eýrandan takmynan 2 milliard dollar gaz bergisini tölemegini talap etdi, Tähran bolsa özüniň bergilidigini inkär edýär.

Hytaý ägirt uly gaz ýatagy Galkynyşy özleşdirmek we gaz geçiriji gurup, türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak üçin Türkmenistana karz pul berdi. Türkmenistanyň üstümizdäki ýyl Hytaýa 30 milliard kubometr gaz eksport etmegi ähtimal. Hytaýyň gaza näçe pul töleýändigi hiç haçan aýan edilenok, ýöne 1000 kubometr gaza tölenýän pul 200 dollardan aşak bolsa gerek. Türkmen gazynyň näbelli bölegi-de Türkmenistanyň Hytaýa bolan ençeme milliard dollarlyk bergisine gidýär.

2015-njy ýylda nebit-gaz sektorynda köp adamlar işden çykaryldy. Näresmi çaklamalar boýunça häzir öňki işçileriň 50 prosentden gowragy işsiz. Aýlyklaryň gijikdirip berilýändigi we hökmütiň halka hiç bir peýdasy ýok proýektler üçin işgärleriň aýlyklaryny azaldylyp berýändigi aýdylýar. Un, şeker we ýag ýaly esasy harytlarda kytçylyk bar.

Türkmenistanyň Owganystan bilen bolan 744 kilomtrlik serhedinde hem howpsuzlyk meselesinde kynçylyk çekilýär. Bu meseläni türkmen hökümeti inkär etse-de, owgan mediasy we hökümeti tassyklaýar. Orsýet bu barada aladalanyp, öz goranmak ministri Sergeý Şoýguny iýun aýynda Türkmenistana iberdi. Bu Sowet Soýuzy dargaly bäri Orsýetiň bir goranmak ministriniň Türkmenistana eden ilkinji saparydy.

Türkmen hökümenti bu problemalaryň hiç birini boýun alanok. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň we onuň hökümetiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan häzir-de “altyn asyrda”.

Türkmenistanyň resmi bitaraplyk syýasaty, ýurdy dünýäniň galan böleginden üzňeleşdirmek üçin ulanylýan syýasat türkmen hökümetiniň daşardan maliýe kömegini soramagynyň öňüni alýana meňzeýär. Hökümet özüni güýç-gurply edop görkezip, jemgyýetçilige daşardan hiç hili kömek gerek däldigini aýdýar.

Ykdysady problemalaryň bardygyny öz halkyndan ýaşyrýan türkmen hökümeti ýurdy batyrman saklamak üçin daşary ýurtlardan karz pul gerekdigni halka nädip düşündirsin?

Ýöne Aşgabadyň daşary ýurtlardan karz pul sorap, tapyp bilmän bolmagy-da mümkin. Türkmenistan çärýek asyr bäri halkara jemgyýetçiliginde aktýor bolan ýurt däl. Onsoň oňa kim kömek eder?

Täjigistan

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon özüniň öňki we häzirki türkmen kärdeşinden odiýen tapawutly däldigini 2016-njy ýylda görkezdi. Täjigistanyň parlamenti 2015-nji ýylyň dekabrynda bir kanuny kabul edip, Rahmona “Parahatçylygyň we milli agzybirligiň düýbüni tutan, milletiň lideri”diýen ady berdi. Maýda ses berijiler baş kanuna düzediş girizilmegini oňlap, Rahmon üçin prezidentlik möhletiniň çäkliligini ýatyrdylar. Rahmon Günbatar tarapyndan erkin we adalatly diýip tassyklanmadyk ses berişliklerde eýýäm dört gezek prezidentlige saýlanan adam.

Täjik häkimiýetleri 2016-nj yýylda syýasy garşydaş diýlip hasap edilýänleri basyp ýatyrdylar. Ýurduň iň uly oppozision partiýasy bolan “Täjigistanyň yslamçy täzeden döreýiş” partiýasy 15 ýyllap bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň başynda-da parlamentdedi. Ol soňra gadagan edilip, ekstremistik toparlaryň sanawyna girizildi. 2016-njy ýylyň başlarynda bu partiýanyň ýolbaşçylary sud edilip, hemmesi türme tussaglygyna höküm edildi. Olary goramaga synanyşan aklawçylar-da jenaýat edenlikde aýyplanyp, tussag edildi.

Täjigistanda garaşsyz media garşy alnyp barylýan kämpaniýlar güýçlendirildi. Köp žurnalistler ýurtdan gaçdy, azyndan iki gazet ýapyldy. Indi hem garaşsyz medianyň ýapylmagy diňe wagt meselesi diýip, köp adamlar gorky edýärler.

Täjigistanyň ykdysady ýagdaýy hiç haçan gowy bolandy. Ol döräli bäri edilýän kömege mätäç ýurt. Ýöne, Türkmenistanda bolşy ýaly, döwletiň puly dünýäniň iň belent baýdak sütüni ýaly geň proýektlere sarp edilýär. Ýaňy ýakynda hem Rahmon demirgazyk Täjigistanda köp ilaty bolmadyk bir regionda uly şäher gurmak baradaky proýekti makullady. Bu ilaty köp region däl, sebäbi suw ýok. Ýöne bu zatlar hökümetiň täze şäher planyny togtatmagyna sebäp bolanok.

2016-nji ýylda Täjigistanyň bank ulgamy krizise uçrady. Ýurduň ikinji uly bankyny Tojiksodirotbank- 250 million dollar bilen hökümet halas etmeli boldy. Bu bankda pul tygşytlanlar pullaryny almakda kynçylyk çekdiler.

Täjigistan dünýäde daşardan gelýän pullara iň garaşly ýurt. Ýöne gelýän pullaryň köpüsi Orsýetden iberilýär. Orsýetdäki ykdysady problemalar sebäpli iberilýän pullar indi 2013-nji ýyldakynyň ýaryndan hem az.

Rahmonyň maşgala agzalary hökümetde ýokary orunlary eýelemegi dowam etdirdiler. Rahmonyň gyzy Ozoda, aýdylyşyna görä, ýanwarda prezidentiň edarasyna başlyk edildi, ýöne maýda ol senata saýlandy. Prezidentiň ogly Rustam Emomali 2016-nji ýylda anti-korrupsiýa agentliginiň başlygy bolup galdy. Ýöne maýda baş kanuna girizilen düzediş prezidentlige saýlanýanyň ýaşyny 35-den 30-a getirmek bilen onuň 2020-njy ýylda prezidentlige dalaş etmegine ýol açdy.

Täjigistanyň şowsuzlyga uçramazlygy mümkin. Sebäbi hökümetiň güýçli dostlary bar. Orsýetiň Täjigistanda harby bazasy bar. Täjigistan şeýl-de,ekstremizmiň Owganystandan Täjigistanyň üsti bilen ýurduň günbatar bölegine ýaýramagyndan gorkýan Hytaý bilen serhetdeş.

Özbegistan

Geçen ýyl Orta Aziýadan gowşan iň möhüm habar özbek prezidenti Yslam Kerimowyň 2-nji sentýabrda yglan edilen ölümi boldy. Häzir regionda sowet döwründen bäri häkimiýet başynda bolan iň soňky lider gazak prezidenti Nusoltan Nazarbaýew.

Kerimowyň aradan çykmagy Özbegistanyň geljegi hakda dürli ähtimallyklary döretdi. Onuň ornuny tutan premýer-ministr Şawkat Mirziýaýew baş kanunda göz öňünde tutulanynyň tersine wagtlaýyn prezident bellendi, 4-nji dekabrda hem umumy ses berişlikde bu wezipä saýlandy.

Mirziýaýewiň regional daşary syýasaty Kerimowyň 25 ýyllyk prezidentlik döwründe bozulan gatnaşyklary täzeden ornatmaga gönükdirilýär. Özbegistanyň Orta Aziýadaky goňşularynyň bolan üýtgemeden razydyklary görnüp dur. ýakyn regional gatnaşykladan Özbegistan-da peýdalanýar.

Bu özgerişlikler gowy wagta gabat geldi, sebäbi özbek resmileri aýtmasalar-da, ýurduň ykdysadyýetine kömek gerek. Ykdysady ýagdaý barada Özbegistandan ynamdar maglumatlary almak kyn. Ýöne ýurduň içinden berilýän maglumatlar boýunça aýlyklar wagtynda tölenenok. Benziniň ýetmezçiliginden kynçylyk çekilýändigi, gazyň, elektrik togunyň kesilýänidigi aýdylýar.

Mirziýaýew köp wadalar etdi, bularyň biri ýuruň pulunyň konwertasiýa ukyply edilmegi. Gara bazarda milli pul som boýunça amerikan dollarynyň bahasy bellenen resmi nyrhyň iki essesine satylýar. Mirziýaýew Özbegistanyň çet ýurt maýa goýumlaryny garaşýandygyny aýtdy, ýöne muňa entek Orsýetden başga gyzyklanma bildiren ýok.

Mirziýaýew 13 ýyllap Kerimowyň premýer-ministri bolup işledi. Öňegidişlik bolar diýip umyt edilse-de, sosial we syýasy reformalar täze adminstrasiýanyň edilmeli işleriniň sanawynda ýoga meňzeýär.

Gazagystan

2016-njy ýylyň başlarynda ýagdaý odiýen gowy bolmasa-da, Gazagystan bu kynçylyklardan aman galmagy başardy. Ýurduň ykdysadyýeti nebit eksportyna garaşly. 2015-nji ýylyň awgustynda nebitiň bahasy dünýä bazarlarynda iň pes derejedekä hökümet ýurduň milli puly teňňäniň erkin söwdasyna ýol berdi. Netijede dollaryň nyrhy ozal 180 teňňe bolan bolsa, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda 360-a bardy.

Ilkinjiler bolup bu zarbadan ejir çeken dollaryň esasynda karz pul alanlar boldy. Ýanwarda kiçeňräk protestler boldy, ýöne gazak hökümeti şol aý parlament saýlawlarynyň wagtynda öň geçirilmegini yglan etmek bilen bu protestleri başdan sowup bildi.

Saýlawlaryň wagtynda öň geçirilmegi diýlip görkezilen sebäp täze deputatlaryň ykdysady krizise garşy durmak barada täze pikirleri öň sürmegidi. Iň soňunda saýlanan partiýalar ýene-de şol öňki üç sany syýasy partiýa boldy. Azatlyk Radiosynyň gazak gullugynyň maglumatyna görä, öňki deputatlaryň 43 prosenti öňki orunlarynda galdylar.

Mart saýlawlarynyň getiren imi-salalygy uzaga çekmedi. Aprelde ýer reformalary baradaky meseleler adamlaryň närazylygyna getirdi. Muňa sebäp bolan aýratyn-da ekerançylyk ýerlerini hytaýlylar kireýine alar diýen myş-myşlar boldy. Aprel aýynyň aýagynda beýleki nägilelikler bilen birlikde protestler turup, 21-nji maýda tutuş ýurtda giň gerimli demonstrasiýalar turdy.

Gazagystanyň geljekki durnuklylygy soraga astyna alyndy. Iýun aýynyň başlarynda ýaşlardan ybarat bir toparyň Aktobede bir ýarag dükanyny talap, harby edara hüjüm etmegi bu aladalary tassykaýan ýaly bolup göründi. Hüjümçileriň aglabasy öldürildi. Gazak häkimiýetleri muny terroristik hüjüm diýip atlandyrdylar. Bu adamlaryň yslamçy ekstremistler bilen ilteşiklidigini aýtdylar.

Ýylyň aýaklarynda ýagdaý durnuklaşdy. Teňňäniň nyrhy dura-bara galyp, dollar 330-340 täňňä geldi.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystan hem aman galanlaryň biri. Ýurduň maliýe kynçylyklary hemişe-de ýok däldi. Ýöne Gyrgyzystan nebit we gaz sarp edýän ýurt. Şol sebäpden bu harytlaryň bahasynyň dünýä derejesinde aşaklamagy ýurduň peýdasyna bolup çykdy. Gyrgyzystanyň magdan senagaty, ilkinji nobatda hem altyn käni çet ýurt maýa goýumlary babatda kynçylyk çekdi, ýöne bu kynçylyk geçen 20 ýyldan gowrak bäri bar zat.

Gyrgyzystan 2015-nji ýylyň awgustynda Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşigine goşuldy. Agza ýurtlar bolan Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Orsýetiň arasyndaky söwdä birsyhly aşaklasa-da, bu bileleşige agzalyk Gyrgyzystanyň Orsýetdäki migrant işçilerine kömek boldy. Gyrgyzystanyň daşardan gelýän pullara garaşlylygy dünýä derejesine iň ýokarylaryň biri. Ýöne Täjigisan we Özbegistan ýaly Orta Aziýa döwletlerine migrant işçilerden Orsýetden iberilýän pullar azalsa-da, Gyrgyzystana gelýän pul artdy.

Prezident Albazbek Atambaýewiň özüne we öz syýasy partiýasy Gyrgyzystanyň sosial demokratik partiýasyna zyýan ýetiren bolmagy mümkin. 2010-njy ýylda öňki prezident Kurmanbek Bakyýew häkimiýet başyndan kowlanyndan soňra ýazylan baş kanunda 2020-nji ýyla çenli üýtgetme girizilmezligi aýratyn bellense-de, Atambaýew baş kanuna käbir düzedişler girizmek babatda dekabrda referendumyň geçirilmegini goldady.

Referendum jedelli mesele bolup çykdy. Ol parlamentden çalt geçirildi. Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugynyň görkezişi ýaly, adamlara düzedişler barada pikir alyşmaga köp mümkinçilik berilmedi.

Referendum planlary 2010-njy ýylda Bakyýew häkimiýet başyndan kowlanyndan soňra iş başyna gelen öňki syýasy ýaranlaryň arasyna bölünişik saldy. Ahyrynda hem parlamentde häkimiýet başyndaky ýaranlygyň dargamagyna getirdi.

Referendum dekabrda geçirildi, ýöne oňa gatnaşanlaryň sany saýlawa hukukly ilatyň ýarpysy-da bolmady. 2017-nji ýylyň aýaklaryna planlaşdyrylan prezidentlik saýlawynda wagtyndan öň geçirilen referendum meselesiniň gozgaljakdygy ikuçsyz.

Orta Aziýa 2016-njy ýyly arka atdy welin, ýöne bulagaýlyk potensiýaly aradan aýrylyp gidenok.

Gazagyztanda dem alara mümkinçilik ýok däl, ýöne beýleki dört respublika 2017-nji ýylda möhüm kynçylyklar garaşýar. Şol sebäpden indiki ýyl öňküden gowy bolmaz.

XS
SM
MD
LG