Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 2017-nji ýylda üç million agaç ekiler


Köpçülikleýin ekilen agaçlar, Balkanabat
Köpçülikleýin ekilen agaçlar, Balkanabat

Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen 2017-nji ýylda ýurtda üç million agaç ekiler. Türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä ekiljek nahallar ýaprakly, arça, miwe we üzüm agaçlarydyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna görä, agaçlaryň ekilmegini ministrlikler, edaralar, Aşgabadyň häkimligi we ýurduň welaýat häkimlikleri berjaý etmeli.

Agaç ekmek boýunça kampaniýany zerur serişdeler bilen üpjün etmek işi Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça döwlet komitetine tabşyryldy, diýlip türkmen mediasy habar berdi.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň aýagyndan bäri her ýyl birnäçe million agaç ekilýär. Soňky ýyllarda bahar aýlarynda başlanýan adaty kampaniýanyň çäginde 3 million agajyň ekilýändigi resmi derejede yglan edilýär.

Häkimiýetleriň guramaçylygynda agaç ekmek boýunça geçirilýän ýowarlara döwlet işgärleri, studentler çekilýärler.

XS
SM
MD
LG