Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisinden gaz akdyryp başlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda, Belek kompressor stansiýasy, 23-nji dekabr, 2015.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda, Belek kompressor stansiýasy, 23-nji dekabr, 2015.

Türkmenistan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisine tebigy gazy akdyryp başlady.

Media maglumatlaryna görä, “Türkmennebitgurluşyk” döwlet konserniniň “Marynebitgazgurluşyk” edarasy gaz geçirijiniň uzynlygy 150 kilometrlik Şatlyk-Tejen-Kaka böleginde synaglary tamamlapdyr.

Täze gaz geçirijisi arkaly gazyň ýakyn wagtda Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlaryna eltiljegini “Türkmennebitgurluşyga” salgylanyp, habar berilýär.

2010-njy ýylyň maý aýynda gurlup başlanan “Gündogar-Günbatar” gaz turbasynyň geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kubometrden ybarat.

Uzynlygy 733 kilometre barabar geçirijiniň ýurduň gündogarynda ýerleşýän iri gaz ýataklaryny ýurduň günbatar bölekleri we Hazar deňziniň kenary bilen birleşdirýändigi aýdylýar.

Bahasy 2.5 milliard dollara barabar proýekti “Türkmengaz” döwlet konserni amala aşyrdy. “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi 2015-nji ýylda gurlup gutardy.

XS
SM
MD
LG