Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ kazyýeti Trampyň syýahat gadagançylyk kararyna sereder


Birleşen Ştatlaryň şikaýat kazyýeti prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan bolan bosgunlara we syýahatçylara wagtlaýyn gadaganlyk girizmek baradaky hökümet kararyny dikeltmek ýa dikeltmezlik hakda 7-nji fewralda diňlenişik geçirer.

San Fransiskonyň şikaýat kazyýeti Adalat departmentiniň, şeýle hem Waşington we Minnesota ştatlarynyň adwokatlaryndan syýahat gadaganlygynyň togtadylmagy ýa güýje girmegi babatda öz delillerini ýerli wagt bilen öýlän sagat üçde beýan etmeklerini sorady.

3-nji fewralda Seatliň federal kazyýeti Trampyň immigrasiýa baradaky kararyny togtadyp, Eýrandan, Yrakdan we beýleki degişli ýurtlardan gelýän adamlara ýurda girmäge mümkinçilik döretdi.

Sud prosesi Amerikanyň dürli ştatlary, öňki ýokary derejeli diplomatlar, kanun goraýjy güýçlere degişli işgärler, şeýle hem dünýä derejesinde iş alyp barýan tehnologiýa kompaniýalary tarapyndan tankyda uçrady.

Adalat departmenti 6-njy fewralda şikaýat kazyýetine ýüz tutup, Trampyň syýahat gadaganlygyny togtadan kazyýet höküminiň çäklendirilmegini sorady. Şikaýatda aýdylmagyna görä, bu höküm örän umumy, ol dar çäkde bolup, diňe ozal ýurda girmäge rugsat edilen we wagtlaýyn daşary ýurtlarda bolan ýa-da Birleşen Ştatlardan barýan ýa dolanyp gelýän adamlary öz içine almaly.

Tramp öz çykaran kararynyň ýurdy terrorizmden goramak üçin gerekdigini gaýtalaýar. Opponentler hem dine esaslanyp, adamlaryň ýurda girmegini gadagan etmek konstitusiýa ters diýýärler.

Mundan hem başga Waşington we Minnesota ştatlarynyň adwokatlary Trampyň wagtlaýyn syýahat gadaganlygyny gaýtadan dikeltmek ýurduň aeroportlarynda, söwda guramalarynda we maşgalalarda “ýene garym-gatymlyga” sebäp bolar diýip delil getirýärler.

Seattle kazysynyň hökümi Trampyň gaharly jogaby bilen garşylandy. Prezident 5-nji fewralda kazyýetler amerikanlary “howply ýagdaýa” salýarlar diýip duýduryş berdi.

Tramp 6-njy fewralda Tampada ABŞ-yň Merkezi serkerdelik ştabynda eden çykyşynda çykaran kararyny gorap:

“Radikal yslamçy terroristler, 9/11-de edişleri ýaly, biziň watanymyza zarba urmaga kararly. Bize öz ýurdumyzy söýýän adamlar üçin güýçli programma gerek” diýdi.

Ol soňra hem “bizi, biziň ýurdumyzy dargatjak” bolýan adamlara içeri girmäge ýol berilmeli däl diýip sözüniň üstüne goşdy.

Metbugat wekili Sean Spaýseriň 6-njy fewralda žurnalistlere aýtmagyna görä, Ak tam bu dawada özüniň üstün çykjakdygyna şübhe edenok.

“Kanunyň prezidentiň tarapyndadygy mese-mälim. Ol adamlarymyzy goramakda ýurduň bähbidinedigini bilýär. Biz bu meselede üstün çykjakdygymyza şübhe edemzok” diýip, Spaýser aýtdy.

Waşington ştatynyň adwokatlarynyň kazyýete beren şikaýatnamalary Amerikanyň öňki ýokary derejeli resmileriniň – şol sanda öňki döwlet sekretary Jon Kerriniň, şeýle hem Madeleine Albraýtyň beýanatlaryny-da öz içine alýar. Olar Trampyň kararynyň gowşak düzülenligi, gowşak ýerine ýetirilmegi we gowşak düşündirilişi hakda aladalanma bildirýärler.

Olar şeýle hem kararyň ýurduň howpsyzlygyna zyýanlydygyny belläp: “Bu kararyň [Yslam döwleti] we beýleki ekstremistleriň adamlary öz taraplaryna çekmek üçin, Birleşen Ştatlar yslam bilen uruşda diýýänini güýçlendirmegi ähtimal” diýýärler.

Amerikanyň Apple, Google we Maýkrosoft ýaly tehnologiýa kompaniýalary-da Trampyň karary “Amerikanyň söwda ulgamyna uly zyýan ýetirer” diýen delil bilen şikaýat kazyýetine ýüz tutdular.

4-nji fewralda kazyýet Adalat departmentiniň gadaganlygy gaýtadan dikeltmek baradaky arzasyny yzyna gaýtaryp, taraplara öz netijenamalaryny tabşyrmaklary üçin ýerli wagt bilen 6-nji fewral öýläne çenli wagt berdi.

XS
SM
MD
LG