Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Moskwa bilen Siriýada harby hyzmatdşlygyň kyn boljagyny aýdýar


Reks Tillerson
Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Birleşen Ştatlaryň, Moskwa Siriýanyň ähli oppozisiýa toparlarynyň "terrorçy" däldigini ykrar edýänçä, Orsýetiň harbylary bilen Siriýada hyzmatdaşlyk etmegine razy bolmajakdygyny aýtdy diýip, ýewropa ýaranlary aýtdy.

Tillerson Bonda, 20-ler toparynyň duşuşygynyň gapdalyndan, 17-nji fewralda fransiýaly, germaniýaly, türkiýeli we beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen duşuşykda Tramp adminstrasiýasynyň BMG-niň Siriýadaky parahatçylygy 23-nji fewralda, Ženewa gepleşikleri arkaly dikeltmek tagallaryny goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşyga gatnaşan diplomatlar Tillersonyň Moskwanyň Siriýanyň hökümeti bilen pikirdeşligine, ýagny pitneçi toparlaryň ählisini terrorçy diýip tagmalamagyna aýratyn basyş edendigini we bu ýagdaýyň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygy kynlaşdyrjakdygyny aýdandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG