Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Prezident Erdogan barada täze film referendumyň öňüsyrasyna gabat geldi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan barada täze filmiň režissýory Hudaýberdi Ýawuz AFP agentliginiň soraglaryna jogap berýär, Stambul, 4-nji fewral, 2017
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan barada täze filmiň režissýory Hudaýberdi Ýawuz AFP agentliginiň soraglaryna jogap berýär, Stambul, 4-nji fewral, 2017

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan barada täze film ýurtda prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrmak boýunça konstitusion reformasy boýunça geçiriljek referendumyň birnäçe hepde öňüsyrasynda Stambulda ýörite dabarada görkezildi.

“Baştutan” atly kartinanyň premýerasy 63 ýaşan Erdoganyň doglan gününe gabatlandy. Kinoteatrlarda film 3-nji martdan görkezilip başlanar.

16-njy aprelda Türkiýede ýurduň baş kanunyna üýtgetmeleri girizmek boýunça referendum geçiriler.

Reforma arkaly, ýurduň parlament sistemasynyň prezidetlik sistemasyna çalyşmak we döwlet baştutanyna karar çykarmak, adatdan daşary ýagdaýy girizmek, ministrleri bellemek we parlamenti dargatnamaga ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar.

Üýtgetmeleriň garşydaşlary Erdogana has köp ygtyýar berilmeginiň ýurtda syýasy deňagramlylygy gowşatjakdygyny aýdýarlar.

Filmde türk lideriniň roluny meşhur aktýor Reha Beýoglu ýerine ýetirýär. Filmde Erdoganyň 1999-njy ýyla çenli durmuşy barada gürrüň berilýär. Režissýor Hudaýberdi Ýawuz öz filimiň propagandadygyny ret edýär we onuň döredilmegine prezidentiň gatnaşmandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG