Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Hökümet güýçleri Aleppo welaýatynda ymykly ileri süýşýär


Siriýa, Aleppo welaýaty, rus goşunlary Jibrin etrabyna medisina kömegini eltýär. 1-nji mart, 2017

Siriýanyň döwlet mediasy hökümet güýçleriniň ýurduň demirgazygynda, ozal «Yslam döwleti» toparynyň eýelän obalarynda barha kän orun alýandygyny aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki «Ikhbariyah TV» 4-nji martda harby çeşmelere salgylanyp, hökümet goşunlarynyň Aleppo welaýatyndaky YD söweşijilerini gyrak-çetdäki ýerlerden hem çykaryp, Ýefrat derýasyna tarap ymykly ilerleýändigini aýtdy.

Rus howa güýçleriniň goldawyndaky hökümet güýçleri YD söweşijilerinden ýanwaryň ortasyndan bäri 90 çemesi obany yzyna aldy.

Döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy harby çeşmelere salgylanyp, goşunyň diňe mart aýynda 15 obany yzyna alandygyny habar berdi.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy hökümet güýçleriniň YD-nyň kotrolyndaky Hafsa, Alepponyň suw çykarýan stansiýasyna 13 km golaý barandygyny aýdýar.

Ýaşaýjylar bu ýerde 47 gün bäri suwsuz kösenýär. Obserwatoriýa 4-nji martda soňky hepdelerdäki söweş zerarly bu ýerlerden 30 müňden gowrak asuda adamyň, esasan çagalaryň we aýallaryň gaçmaga mejbur bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG