Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda paýdarlar jemgyýetleri köpelýär


Aşgabatdaky binalar
Aşgabatdaky binalar

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Hazyna» myhmanhanasyny hojalyk jemgyýetine öwürmek teklip edilýär.

Bu barada Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.

Täze hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjylary "ýurduň degişli banklary" bolar.

Şeýle-de hökümet mejlisinde “Türkmenturba” zawodynyň açyk paýdarlar jemgyýetine öwürjekdigi aýdyldy.

Mundanam başga ýurtda, prezidentiň karary bilen, “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.

Bu paýdarlar jemgyýeti “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek bilen, onuň binýadynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň we Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň paýly gatnaşmagynda emele geldi.

XS
SM
MD
LG