Sepleriň elýeterliligi

Aziýada-2017: Türkmen prezidenti alabaý-tumarlaryny göze ilýän ýerlerde ýerleşdirmegi tabşyrdy


Aziýada-2017 oýunlarynyň tumary

Türkmenistanda “göze ilýän ýerlerde” Aziýada-2017 halkara sport çäresiniň tumaryny ýerleşdirmek barada resmi tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň 14-nji martda geçirilen wideo şekilli hökümet maslahatynda beren bu tabşyrygy “mahabatlandyryjy maksatlar” bilen baglydygy media maglumatlarynda habar berildi.

Ýaşyl reňkli türkmen iti alabaý 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň talismany hökmünde ýanwar aýynda kesgitlendi. Talisman türkmenleriň milli eşigine geýnen gulagy we guýrugy kesilen alabaý itini şekillendirýär.

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna görýän taýýarlyklaryň çäginde birnäçe täze desgany, şol sanda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar olimpik şäherçesini gurdy.

Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunda Aziýa oýunlary Türkmenistanda geçiriljek iň ýokary derejeli sport ýaryşydyr. Oňa dünýäniň 62 ýurdunyň sportsmenleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG