Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň habarçysy sud diňlenişiginden öň özüniň günäsizdigini aýtdy


Žurnalist Mykola Semena. 20-nji mart, 2017 ý.
Žurnalist Mykola Semena. 20-nji mart, 2017 ý.

20-nji martda separatizm bilen baglanyşykly aýyplamalar bilen Orsýetiň kontrollygyndaky territoriýada sud öňüne getirilen krymly žurnalist Mykola Semena diňlenişikden birnäçe minut öň özüniň bigünädigini aýtdy.

Aklaw tarapy iş ýöredişiň açyk hem elýeterli bolmagy üçin onuň ulurak kazyýet zalynda geçirilmegini soranyndan soňra, kazy ýaňy başlanan diňlenişigi iki hepde yza süýşürdi. Ol indi 3-nji aprelde dowam etdiriler.

AÝ/AR-nyň habarçysy Semena ýazan bir makalasynda Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Gara deňizdäki ýarymadasyny basyp almagyny tankytlandygy we ukrain aktiwistleriniň ýarymadany blokada etmek baradaky inisiatiwasyna goldaw bildirendigi sebäpli kazyýete çekilýär.

Krymyň paýtagty Simferopolda ors kazyýetinde başlanan diňlenişik 66 ýaşly Semenanyň garşysyna gozgalýan jenaýat işiniň ýatyrylmagy barada halkara derejesinde Moskwa edilýän basyşyň has-da artmagyna getirdi. Etmişli tapylan halatynda oňa bäş ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Semena bildirilýän aýyplamalar onuň 2015-nji ýylda AÝ/AR-nyň “Krym.Realitii” websaýtynda ýerleşdirilen makalasyna esaslanýar. Krymyň Orsýet tarapyndan oturdylan häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, makalada Orsýetiň territorial bütewüligini bozmaga çagyryş edilýär.

Semena diňlenişikden öň kazyýetiň daşynda žurnalistlere beren maglumatynda özüne we aklaw tarapyna salgylanyp: “Biz günälidigimizi boýun almaýarys” diýdi.

Ol soňra hem: “Meniň makalam Orsýetiň territorial bütewiligini bozmak boýunça edilýän çagyryşlary öz içine alanok. Krymyň statusy jedelli” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Krym barada saýlap tutulmaly ýollar hakda websaýtda giden giň gerimli çekişmäniň bir bölegi bolan makala özünden ozal blokada garşy çykylyp ýazylan bir makala jogap bolup durýardy.

Semena Krymy terk etmek gadagan, ol Simferopoldan-da çykjak bolsa rugsat almaly.

Ýewropa parlamenti öten hepde bir kararnama çykaryp, Moskwany Orsýetde türmede saklanýan otuzdan agdyk ukrain raýatyny we Orsýetde, Krymda we Orsýet tarapdan goldalýan separatistleriň kontrollygyndaky gündogar Ukrainanyň dürli böleklerinde erkin hereket etmegi çäklendirilen adamlary boşatmaga çagyrdy.

Ýerine ýetirilmegi hökmany bolmadyk kararnamada Orsýet “ýokarda agzalýan adamlara, şol sanda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy üçin alyp baran žurnalistik işleri sebäpli kanun taýdan yzarlanýan Mykola Semena-da erkin sapar etmäge rugsat bermäge” çagyrylýar.

Waşington hem öten hepde ors häkimiýetlerini “jenap Semenanyň garşysyna bildirilýän galp aýyplamalary ýatyryp, ony şeýle hem Orsýet tarapyndan syýasy sebäplere görä saklanýan beýleki ukrainleri boşatmaga çagyrdy”.

Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlar Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy öz düzümine goşmagynyň üçünji ýyldönüminden peýdalanyp, bu işi tankytladylar. Krymyň basylyp alynmagyny Ukraina we Waşington, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda durýan jemi ýüz döwlet bikanun hasaplaýar.

Moskwa özüniň Krymy basyp almagyny ýarymadada ýaşaýan etnik orslary we beýleki ýaşaýjylary 2014-nji ýylda Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç ýurtdan çykanyndan soňra Kiýewde häkimiýeti eýelän günbatarçy resmileriň zulum-süteminden goramak üçin zerur iş diýip häsiýetlendirýär.

Bu aýdylýany Ukraina bilen günbatar hökümetleri ret edip, Krymda Orsýet tarapdan goldalýan häkimiýetleri krym tatarlarynyň, şeýle hem Moskwanyň hökümdarlygyna garşy beýleki adamlaryň hukuklaryny bozmakda aýyplaýarlar.

Semenanyň garşysyna aýyplama netijenamasyny düzüp, kazyýete beren Krymyň Orsýet tarapdan bellenen öňki baş prokurory Nataliýa Poklonskaýa AÝ/AR-nyň “Krym.Realli” websaýtyny “sabotaž işlerini we ekstremizmi aklamakda” we “etniki ýigrenji” tutaşdyrmakda aýyplaýar.

Semena öten aý AÝ/AR-na özüniň jenaýat iş edendigi hakda hiç hili subutnamanyň ýokdugyny belläp, sebäbi “Ors federasiýasynyň öz içinde-de Krymyň statusy belli däl” diýdi.

Ol Krymyň tutuş dünýäde gyzgalaňly çekeleşige sezewar bolan jedelli territoriýadygyny, şol sebäpden özüniň halkara hukugy we Orsýetiň kanunçylygy esasynda “bu çekeleşige gatnaşmaga” we öz garaýyşlaryny beýan etmäge hukuklydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG